NPJ: Plastik çäýnekler mikroplastikleriň bedene düşmegine sebäp bolýar

  • 19.05.2026 23:28
  • 2.6k+

Awstraliýaly alymlar plastik çaýnekleriň suw gaýnadylanda millionlarça mikro we nanobölejikleri bölüp çykaryp biljekdigini anykladylar.

Bu barlagyň netijeleri NPJ Emerging Contaminants žurnalynda çap edildi. Alymlar sekiz polipropilenden ýasalan çaýnekde gaýnadylan suwy seljerdiler we enjamyň ilkinji gezek ulanylanda hasam köp bölejik bölüp çykarýandygyny anykladylar.

Awtorlar onda ilkinji gezek suw gaýnadylanda, bir millilitr suwda takmynan 12 million plastik bölejikleriniň bolup biljekdigini aýdýarlar. Barlagçylaryň hasaplamalaryna görä, standart bir käse çaýda takmynan 3 milliard plastik bölejigi bolup biler.

Bilermenler suw köp gezek gaýnadyp dökülenden soň, bölejikleriň sanynyň azalandygyny anykladylar. On gezekden soň, zyňyndylaryň derejesi ep-esli azaldy, elli gezekden soň bolsa hasam seýrekledi, emma bölejikler doly ýitip gitmedi.

Şeýle hem, barlagçylar düzüminde köp mineral saklaýan gaty suwuň çaýnegiň içki diwarlarynda çökündi gatlagyny emele getirmek arkaly, plastigiň düşmegini bölekleýin azaldyp biljekdigini bellediler.

Hatda 150 gezek gaýnadylandan soň hem, bilermenler suwuň her millilitrine takmynan 820 000 bölejigiň düşýändigini hasaba aldylar. Şol bir wagtyň özünde, alymlar plastigiň şeýle konsentrasiýasynyň adam saglygyna nä derejede täsiriniň bardygyna heniz anyk baha berip bilmeýändiklerini nygtaýarlar.


07.06.2026 17:05
7.9k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

06.06.2026 07:56
2.2k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

05.06.2026 00:08
8.3k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.4k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......