Redmi subbrendi Redmi Turbo 5 smartfonynyň dünýä bazaryna çykmagyna taýýarlyk görýär. Internetde enjamyň ilkinji tizerleri peýda boldy. Modeliň sahypasy Amazon India platformasynda eýýäm «coming soon» (ýakynda) statusy bilen çap edildi.
Mahabat şekilleriniň birinde «Tizlik, ine, şeýle bolýar» diýen şygar ýerleşdirilipdir. Çap edilen materiallara görä, smartfonyň Hindistan üçin niýetlenen wersiýasy Hytaý modeliniň dizaýnyny saklap galar.
Şol bir wagtyň özünde, Hindistanda eýýäm Redmi Turbo 5-iň nusgasy hasaplanýan Poco X8 Pro enjamy satylýar, Hytaýyň Redmi Turbo 5 Max modeliniň ekiz-taýy hökmünde bolsa Poco X8 Pro Max görkezilýär. Çeşmeleriň çaklamasyna görä, Redmi Turbo 5 diňe bir Hindistanda däl, eýsem beýleki bazarlarda hem peýda bolup biler.
Smartfonyň Hytaý wersiýasy 1,5K durulygyndaky, 120 Gs täzeleniş ýygylygy bolan we iň ýokary ýagtylygy 3500 nite ýetýän 6,59 dýuýmlyk OLED-ekran bilen üpjün edildi. Enjam HyperOS 3 täzelenmesi astyndaky Android 16 ulgamynda we Dimensity 8500-Ultra platformasynda işleýär.
Akkumulýatoryň sygymy 7560 mAs-a deňdir. Smartfon 100 Wt kuwwatly simli we 27 Wt kuwwatly simsiz zarýad bermegi goldaýar. Esasy kamera 50 we 8 Mp datçiklere eýedir. Beýleki aýratynlyklarynyň arasynda IP68/IP69 goragy, stereodinamikler, IK-port, metal çarçuwa we ekranyň aşagyndaky barmak yzy skaneri bar.
