Krafton kompaniýasy ata-ene bolan işgärlerine 66 müň dollar töleýär

  • 20.05.2026 00:11
  • 3.3k+

Meşhur PUBG oýnunyň neşirçisi hökmünde tanalýan Günorta Koreýanyň Krafton kompaniýasy 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň aralygynda işgärleriniň maşgalasynda 46 çaganyň dünýä inendigini habar berdi. Bu görkeziji 2024-nji we 2025-nji ýyllaryň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende tas iki esse köp diýmekdir.

Kompaniýadaky bu ösüş görkezijileri 2025-nji ýylyň fewralynda girizilen maşgala we çaga dogluşyny goldamak maksatnamasy bilen düşündirilýär. Bu başlangyja görä, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň çagasy dünýä inen işgärlere ömürlik goldaw hökmünde 100 million won –takmynan 66,8 müň dollar möçberinde pul tölegi berilýär.

Maddy goldawdan başga-da, çaga seretmek üçin iki ýyllyk tölegli rugsat hem bar we şol döwür üçin oňa derek başga bir adamyň wagtlaýyn işe alynjakdygyna kepillik berilýär.  Kompaniýanyň maglumatlarynda 2025-nji ýylda işgärleriň maşgalasynda 23 çaganyň, 2024-nji ýylda bolsa 21 çaganyň dünýä inendigi bellenilýär.

Krafton-yň umumy amallar boýunça ýolbaşçysy Çhwe Çe Gin: «Bu barlagyň netijesinde biz hususy kompaniýalaryň jemgyýetçilik meselelerini çözmäge işjeň gatnaşan ýagdaýynda hakyky we oňyn üýtgeşmeleri amala aşyryp biljekdigini subut etdik. Biz mundan beýläk hem wekilçilikli durmuş jogapkärçiligini görkezmegi dowam etdireris we adamlaryň iş bilen maşgala durmuşyny sazlaşykly utgaşdyryp biljek medeniýetini ösdüreris» diýip mälim etdi.

Çaga dogluşynyň pes bolmagy Günorta Koreýa üçin iň uly meseleleriň biri bolmagynda galýar. Reuters agentligi ýurtda çaga dogluşynyň koeffisientiniň 2024-nji ýyldaky 0,75-den 2025-nji ýylda 0,80-e çenli ýokarlanandygyny habar berýär. Şunlukda täze doglan çagalaryň her müň adama düşýän sany 4,7-den 5,0-a ýetdi. Nika baglaşýanlaryň sany bolsa geçen ýylda 8,1% artdy.


düýn 16:23
1k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

29.05.2026 11:34
6k+

«EA Sports FC 26» oýnuna 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty režimi goşuldy

Electronic Arts kompaniýasy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «EA Sports FC 26» oýny üçin uly täzelenmäni çykardy....

22.05.2026 20:52
3.2k+

GTA VI-nyň noýabrda çykjakdygy resmi taýdan tassyklandy

GTA VI oýnunyň çykjak senesi gutarnykly tassyklanyldy — oýun 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda elýeterli bolar. Bu barada Take-Two kompaniýasy özüniň maliýe hasabatynda resmi ýagdaýda yglan etdi....

13.04.2026 01:30
10k+

«Bu oýun däl»: ABŞ-nyň häkimiýetleri geýmerleri awiadispetçer wezipesine işe alyp başladylar

ABŞ-nyň Federal awiasiýa müdiriýeti (FAA) we Ulag ministrligi kadr ýetmezçiligi meselesini çözmek maksady bilen, wideooýun muşdaklaryny awiadispetçerlige çekmek boýunça giň gerimli kampaniýa başladylar....