GTA VI-nyň noýabrda çykjakdygy resmi taýdan tassyklandy

  • 22.05.2026 20:52
  • 3.2k+

GTA VI oýnunyň çykjak senesi gutarnykly tassyklanyldy — oýun 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda elýeterli bolar. Bu barada Take-Two kompaniýasy özüniň maliýe hasabatynda resmi ýagdaýda yglan etdi.

Kompaniýa oýnuň çykyşynyň indi başga wagta süýşürilmeginiň meýilleşdirilmeýändigini aýratyn nygtaýar. Kompaniýanyň baş direktory Ştraus Zelnikiň sözlerine görä, GTA VI oýnuna bagyşlanan mahabat işleri eýýäm şu tomusda başlar. Şeýle hem oýnuň üçünji treýleriniň hödürlenmegine garaşylýar. Bu täzeliklerden soň Take-Two Interactive kompaniýasynyň paýnamalary, takmynan, 7% ýokarlandy.

Kompaniýa bu oýnuň çykmagyna iň esasy maýa hökmünde garaşýar: 2027-nji maliýe ýylynda girdejiniň 8–8,2 milliard dollara çenli (+20% töweregi) ösmegine garaşylýar. Ýolbaşçylar bu ösüşi hut GTA VI oýnunyň satuwa çykarylmagy bilen baglanyşdyrýar, bu bolsa oýnuň ýene-de yza süýşürilmek ähtimallygyny peseldýär — sebäbi şeýle çaklamalar eýýäm maýadarlaryň öňünde tassyklanyldy.

Oýun ilkinji gezek satuwa çykarylanda diňe PS5 we Xbox Series X|S konsollary üçin elýeterli bolar. Onuň kompýuter wersiýasy entek resmi taýdan tassyklanmady.


08.06.2026 16:23
1.9k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

29.05.2026 11:34
6k+

«EA Sports FC 26» oýnuna 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty režimi goşuldy

Electronic Arts kompaniýasy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «EA Sports FC 26» oýny üçin uly täzelenmäni çykardy....

20.05.2026 00:11
3.3k+

Krafton kompaniýasy ata-ene bolan işgärlerine 66 müň dollar töleýär

Meşhur PUBG oýnunyň neşirçisi hökmünde tanalýan Günorta Koreýanyň Krafton kompaniýasy 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň aralygynda işgärleriniň maşgalasynda 46 çaganyň dünýä inendigini habar berdi. Bu......

13.04.2026 01:30
10k+

«Bu oýun däl»: ABŞ-nyň häkimiýetleri geýmerleri awiadispetçer wezipesine işe alyp başladylar

ABŞ-nyň Federal awiasiýa müdiriýeti (FAA) we Ulag ministrligi kadr ýetmezçiligi meselesini çözmek maksady bilen, wideooýun muşdaklaryny awiadispetçerlige çekmek boýunça giň gerimli kampaniýa başladylar....