5.1k+

Timex 1975-nji ýylyň meşhur sanly sagat modeline gaýdyp geldi

Timex amerikan brendi özüniň ilkinji SSQ Quartz Digital sanly sagadynyň täzelenen wersiýasyny çykardy. Ol 1975-nji ýyldaky modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Täze sagat Q Timex 1975 SSQ adyny aldy we wintaž dizaýny döwrebap elektronika we has ýokary hilli materiallar bilen utgaşdyryp, tanyş minimalistik stili saklaýar...

1.8k+

YouTube blok edilen awtorlara öz kanallaryna gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýär

YouTube platformasy Second Chance (“Ikinji mümkinçilik”) programmasynyň işe giriziljekdigini habar berdi. Ol ozal bloklanan awtorlara platforma gaýdyp gelmäge we öz kontentini dikeltmäge mümkinçilik berer. Programma günäkär däldigini subut etmegiň ähli tapgyryndan geçen we öz kanallaryny dikeldip bilmedik ulanyjylar üçin niýetlenýär...

11k+

Hindistanly adam 1 millimetrden sähel uly bolan agaç çemçäni döretdi

Hindistandan 23 ýaşly inžener-elektrik we miniatýuraçy hudožnik K. Bijaý Kumar Reddi dünýäde iň kiçijik agaç çemçäni ýasady. Bu aşhana enjamy 1,13 millimetrden uly däl. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda bellenilişi ýaly, çemçe şeýle bir kiçijik welin, ol hatda iňňäniň gözünden geçip bilýär...

7.4k+

Ilon Maskyň täze kompaniýasynyň ady kosmosdan görner

Ilon Mask ozal Microsoft-yň garşydaşy hökmünde yglan edilen täze Macrohard kompaniýasy barada gürrüň berdi. Milliarderiň aýtmagyna görä, kompaniýanyň işi emeli aň we Tennessi ştatynyň Memfis şäherindäki Colossus II superkompýuteri bilen berk baglanyşykly bolar...

4.1k+

Lay’s 90 ýyllyk taryhynda iň uly rebrendingi geçirýär

Lay’s kompaniýanyň taryhynda “iň uly rebrendingi” yglan etdi. Indi her tagamyň gaplamasynda “Hakyky ýeralmadan taýýarlanan” ýazgysy peýda bolar. Kompaniýanyň geçiren pikir soraşmasy alyjylaryň 42%-iniň Lay’s çipsileriniň gaýtadan işlenen goşundylardan däl-de, fermada ösdürilip ýetişdirilen ýeralmadan taýýarlanýandygyny bilmeýändigini görkezdi...

8.4k+

Tehasda awtomobil ululygynda NASA-nyň enjamy gondy

Tehas amerikan ştatynda meýdana awtomobil ululygynda NASA-nyň abzally kosmos enjamy gondy. Ýerli ýaşaýjy Enn Uolter, takmynan, 10 metr diametrli paraşýutda ýuwaşlyk bilen aşak düşýän obýekti gördi diýip, ABC News habar berýär...

4k+

Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Maslahata 120-den gowrak öňdebaryjy ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri, ekologiýa ugrundaky işjeň raýatlar, döwlet edaralarynyň, BMG-niň düzümleriniň wekilleri we bilermenler gatnaşdy...

5k+

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy innowasiýalar bilen ösüşiň arasyndaky baglanyşygyň öwrenilendigi üçin berildi

2025-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak Joel Mokire, Filipp Agiona we Piter Hauite berildi. Bu barada Şwesiýanyň patyşalyk ylymlar akademiýasy habar berdi. Baýragyň ýarysyny tehnologik ösüşiň esasynda ykdysadyýetiň durnukly ösmeginiň sebäplerini düşündirendigi üçin amerikan-ysraýylly ykdysadyýet taryhçysy Joel Mokir alar...

2.6k+

Serdar Berdimuhamedow Filipp VI-ni Ispaniýanyň Milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...

17k+

Dünýäde iň köp satylan ulag Corolla bolmasa-da, ýene-de Toyota boldy

Focus2move analitik portaly tarapyndan 162 ýurtdan ýygnalan maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda dünýäde iň köp satylan awtoulag Toyota RAV4 boldy. Krossoweriň satuwy 1,1% ýokarlandy, bu hem täze nesliň yglan edilmegine garamazdan, modeliň iki orun ýokary galmagyna mümkinçilik berdi...

6.8k+

Türkiýedäki Karahantepede adamyň şekili bolan gadymy daş sütüni tapyldy

Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky neopolit döwrüne degişli Karahantepe sebitinde gazuw-agtaryş işleri wagtynda adamyň şekili bolan T-şekilli daş sütüni tapyldy. Bu barada Türkiye Today habar berýär. Ozal alymlar goňşy Göbekli-Tepede hem eliň we penjäniň şekili bolan şuňa meňzeş sütünleri tapypdy, ýöne bu ullakan daş böleginde ýüzüň şekili mese-mälim oýulan ilkinji tapyndy boldy...

3.7k+

Hyundai ýangyn howpy sebäpli 135 müň sany Santa Fe ulagyny yzyna gaýtarýar

Hyundai kompaniýasy heläkçilik ýüze çykanda ýangyn döremek howpunyň bolmagy sebäpli 135 386 sany Santa Fe krossowerini — şol sanda täze modelleri hem — yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş Milli gullugynyň (NHTSA) habaryna görä, käbir ulaglarda starter nädogry gurnalan bolmagy mümkin...

1.7k+

IDC: global kompýuter bazary Windows 11-e geçilmegi netijesinde ösdi

IDC amerikan analitik kompaniýasynyň hasabatyna görä, dünýä boýunça kompýuter üpjünçiligi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,4% artdy we 75,8 million birlige ýetdi. Bu ösüş esasan Windows 11 operasion ulgamyna geçmek üçin köne kompýuterleriň çalşylmagy bilen baglanyşyklydyr...

2k+

Alymlar Aýyň iň uly krateriniň gelip çykyşyna täzeden seredýärler

Alymlar Aýdaky iň uly krater bolan Günorta polýus — Eýtkeniň gelip çykyşynyň ozal çak edilenden tapawutlydygyny anykladylar. Arizona uniwersitetinden Jeffri Endrýus-Hannanyň ýolbaşçylygyndaky täze barlagyň netijesine görä, asteroid Aýa günortadan däl-de, demirgazyk tarapdan gelip urupdyr...

1.5k+

Loewe bilen Jacob & Co. sapfirli we göwherli gulaklyklary hödürledi

Amerikaly zergär, Jacob & Co. brendiniň esaslandyryjysy Jeýkob Arabo, nemes premium elektronika öndürijisi Loewe Technology bilen bilelikde taýýarlan ilkinji ýörite kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Bu taslama üçin Loewe öz marka nauşniklerini üpjün etdi, zergärler bolsa olary ýokary sungat derejesindäki eserlere öwrüpdir...

11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (13.10 - 19.10)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

3.7k+

Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7-niň premium görnüşini – W26-ny hödürledi

Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7 smartfonynyň hytaý bazary üçin ýörite döredilen görnüşini – täze W26 flagman smartfonyny hödürledi. Öňki W modelleri ýaly, täze smartfon has kaşaň dizaýny bilen tapawutlanýar: petle, gapdal çarçuwa we kamera halkalary altyn öwüşginler bilen bezeldi...

3.8k+

Nissan täze ykjam Tekton krossowerini tanyşdyrdy

Nissan kompaniýasy täze ykjam Tekton krossoweriniň ilkinji suratlaryny köpçülige görkezdi. Bu model hindi bazary üçin ýörite döredilip, 2026-njy ýylda satuwa çykarylar, soň bolsa beýleki ýurtlaryň bazarlarynda hem peýda bolar...

6.1k+

Awstraliýanyň suwlarynda iki sany täze görnüş jandar tapyldy — garaňkyda şöhle saçýan akula we “farfor” leňňeji

Günbatar Awstraliýanyň kenarlarynda okeanograf alymlar ylym üçin täze bolan iki deňiz jandaryny — garaňkyda şöhle saçýan fonar akulasy we ýarym-durulykrangy farfor kraby. Bu tapyndylar baryp 2022-nji ýylda Awstraliýanyň ylmy we amaly barlag guramasy (CSIRO) tarapyndan geçirilen ekspedisiýa wagtynda ýüze çykarylypdy, emma olaryň ylmy beýany diňe indi neşir edildi...

1.6k+

Porsche “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Porsche kompaniýasy we onuň hyzmatdaşynyň biri bolan Penske Motorsport ýakyn ýyllar üçin öz ýaryş meýilnamasyna täzeden garajakdygyny mälim etdiler. Şu möwsümiň ahyrynda brend Çydamlylyk ugrundaky dünýä çempionatyndan (WEC) çykjakdygyny we 2026-njy ýylda meşhur “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmajakdygyny resmi taýdan yglan etdi...