Bakuwda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

  • 03.04.2026 16:12
  • 2.7k+

1-nji aprelde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Bakuwda Azerbaýjanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Azerbaýjanyň ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministri Raşad Nabiýew, ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabarow, «Azerbaýjan Demirýollary» Ýapyk Paýdarlar Jemgyýetiniň başlygy Rowşan Rustamow, şeýle hem «Baku halkara deňiz söwda porty» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen duşuşdy.

Taraplar ulag geçelgelerini ösdürmek, deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, ýük geçirijiligini artdyrmak we portlaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak meselelerine seretdi. Üstaşyr geçelgeleri we halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Aşgabatda we Bakuwda işewürler forumyny hem-de önümleriň sergisini geçirmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek, haryt dolanyşygyny artdyrmak we Hazar deňziniň mümkinçiliklerini doly ulanmak arkaly önümleriň görnüşlerini artdyrmak meselelerine deglip geçildi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Baku halkara deňiz portuna we Alat erkin ykdysady zolagyna baryp, olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.


şu gün 14:40
204

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......