TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

  • şu gün 09:34
  • 473

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň hem-de agza we synçy döwletleriň kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynda seredildi.

Gatnaşyjylar kosmos senagatynda özara hereketleri ösdürmek baradaky ylalaşygyň taslamasyny öwrendi hem-de umumy hukuk we institusional binýady döretmäge taýýardyklaryny tassyklady.

«CubeSat» (OTS-SAT, 12U) formatyndaky emeli hemranyň taslamasyna aýratyn üns berildi. Taraplar onuň gurluşygyny tamamlamak we orbita çykarmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Hereketleri utgaşdyrmagyň we tehniki tapgyrlary tamamlamagyň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle hem, duşuşyklarda hemra maglumatlaryny ulanmak, infrastrukturany ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak we hususy pudagyň gatnaşmagy ýaly meseleler hem göz öňünde tutuldy.

«Şu gün biz öz platformamyzyň — türki döwletleriň çäklerinde kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk strategiýasyny bilelikde işläp düzýäris. Gün tertibine biziň özara gatnaşyklarymyzyň hukuk binýadyny goýjak şertnama hem girizildi» – diýip, TDG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow belledi.


06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
857

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

13.02.2026 23:10
6.8k+

Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi...