Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

  • 17.02.2026 13:06
  • 901

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi.

9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi. Nýu-Ýork, London we Şanhaý şäherleriniň saýlama köpçülikleýin habar beriş serişdeleri eýýäm çakylyklary aldylar. Onuň tekstinde çäre, gerimi we hödürlenjek önümleriň sanawy görkezilmezden, «aýratyn» diýlip atlandyrylýar. Birnäçe neşirler kompaniýanyň adaty «Event» däl-de, «Experience» sözüni ulanmagyna üns çekýärler. Bu bolsa onuň däp bolan tanyşdyryşlar bilen deňeşdirilende has başgaça we täsirli boljakdygyny aňladyp biler.
Çäräniň çäklerinde Apple-iň täze enjamlaryny hödürlejekdigine garaşylýar. Olaryň arasynda iPhone 17e, M5 Pro we M5 Max çipleri bilen täzelenen MacBook Pro, sekizinji nesil iPad Air we on ikinji nesil iPad, şeýle hem täzelenen Apple Studio Display we A18 Pro prosessorly has elýeterli MacBook modeliniň bolmagy ähtimäl.
Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň berýän maglumatyna görä, Apple A18 Pro prosessorly MacBook-yň daşky görnüşi üçin açyk sary, açyk ýaşyl, mawy, gülgüne, kümüşsöw we goýy çal ýaly birnäçe reňk görnüşlerini synagdan geçirdi.


MacBook güýji boýunça MacBook Air-den yza galsa-da, ondaky A18 Pro çipi Apple-iň kompýuterlerde ulanylan M1 çipi bilen bäsleşip biljek ilkinji mobil prosessorydyr.  
Apple bu enjamynda plastik korpusdan ýüz öwürdi. Onuň ýerine alýumin korpuslary öndürmegiň täze, has çalt we tygşytly usuly ornaşdyryldy. Enjamyň bahasynyň takmynan 699 dollar bolmagyna garaşylýar, bu bolsa häzirki MacBook Air-den (999 dollar) ep-esli arzan.


13.06.2026 16:56
2.2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......