«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

  • 28.02.2026 13:00
  • 3.5k+

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi diýip.

Hasabata görä, degişli edara standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ulgamynda işleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Bu işleriň çäklerinde hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda daşary ýurtlaryň akkreditasiýa boýunça öňdebaryjy ugurdaş guramalary bilen hyzmatdaşlyk berkidilýär. Amala aşyrylýan çäreleriň esasy maksady hil gözegçiligi amallaryny umumy kabul edilen dünýä talaplaryna laýyk getirmekden ybaratdyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen tekliplere seredip, gullugyň maddy-tehnik we usulyýet binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany halkara standartlary nazara almak bilen ugurdaş işleri döwrebaplaşdyrmak baradaky başlangyçlary goldady we wise-premýere bu ugurdaky wezipeleriň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

17.02.2026 13:06
842

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

13.02.2026 23:10
6.8k+

Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi...

12.02.2026 18:54
1.4k+

Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy...