Gülgüne reňkli ýaprak çekirtge bolup çykdy: Panamanyň jeňňellerinde duş gelýän adaty bolmadyk kamuflýaž

  • 02.04.2026 16:35
  • 6k+

Panamanyň tropiki tokaýlarynda edilen açyş alymlary tebigatyň tanyş maskirowka mehanizmlerini täzeden gözden geçirmäge mejbur etdi. Adatça hemme zadyň ýaşyl reňkde bolýan ýerinde birden açyk gülgüne "ýaprak" peýda boldy - ýöne ýakyndan seredilende, onuň asla ösümlik däldigi mälim boldy.

Gürrüňi edilýän Arota festae çekirtgesi ýaş ýapraklar bilen utgaşmaga ukyplydygy arkaly tanalýan ýaprak çekirtgesidir diýip, Ecology žurnalynda habar berilýär. 

Uzak wagtlap onuň reňkiniň diňe ýaşyl reňk bilen çäklenýändigine ynanýardylar. Emma Smitson institutynyň Barro-Kolorado adasyndaky ylmy-barlag merkezinde alnyp barlan gijeki gözegçilik bu pikiri üýtgetdi. Alymlar çyranyň ýagtysyna dok gülgüne reňkli uly urkaçy çekirtgäni tapdylar.

Bu açyş tötänden geň waka öwrülmedi. Çekirtge bir gaba ýerleşdirilip, gündelik gözegçilikler başlandy. Bary-ýogy dört günden soň, açyk reňk biraz soldy we pastel reňke öwrüldi. On birlenji güne çenli çekirtge ýap-ýaşyl boldy we beýleki çekirtgelerden tapawutlanyp bolmady. Reňkiň bu ýuwaş-ýuwaşdan geçişi syryň açary bolup çykdy.

"Geň genetiki üýtgeşiklik bilen birlikde, bu çekirtgäniň meňzeşleşmäge synanyşýan tropiki tokaý ýapraklarynyň ýaşaýyş siklini yzarlaýan, inçeden sazlanan ýaşaýyş strategiýasy bolup biler" diýip, Sent-Endrýus uniwersitetinden barlagyň esasy awtory Benito Ueýnraýt düşündirdi .

Tropiki ýerlerde köp ösümlikleriň ýaş ýapraklary ilki gülgüne ýa-da gyzylymtyl reňkde bolýar, soňra bolsa ýaşyl reňke öwrülýär. Barro-Koloradoda ösümlik görnüşleriniň üçden bir bölegi özüni şeýle alyp barýar we çekirtge sözüň doly manysynda bu sikle "uýgunlaşýan" ýaly görünýär.

Gyzykly tarapy, XIX asyrdan başlap ylmy işlerde gülgüne çekirtgeler barada agzalýan ýazgylar gabat gelýär, ýöne olar tötänleýin anomaliýa hasaplanýardy. Emma, häzir olar dinamiki kamuflýažyň - töweregindäki ösümlikleriň ösüş tapgyryna baglylykda reňkini üýtgetmek ukybynyň mysaly bolup biler.

Barlagyň awtorlarynyň sözlerine görä, bu açyş haýwanlaryň tropiki tokaýlaryň çylşyrymly gurluşyna nähili inçeden uýgunlaşýandygyny görkezýär. Göräýmäge, ýyrtyjy haýwanlary özüne çekmeli açyk gülgüne reňk hem, hakykatda takyk we öz wagtynda örtülen kamuflýažyň bir bölegi bolup biler.


düýn 20:34
854

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.1k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.3k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......