19 ýaşly hokkeýçi Selebrini meşhur Weýn Gretskiniň utuk rekordyny gaýtalady

  • 02.04.2026 10:46
  • 2.2k+

“San-Hose Şarksyň” 19 ýaşly hüjümçisi Maklin Selebrini NHL-iň taryhynda 20 ýaşyny doldurmanka bir möwsümde 100 utuk gazanan altynjy oýunçy boldy diýip, Liganyň web sahypasynda habar berilýär.

“San-Hoseniň” 5:4 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlanan “Sent-Luis Blýuz” toparyna garşy oýunda ol iki gol saldy we bir assist etdi. Onuň bu möwsümde 101 utugy, ýagny 38 goly we 63 assisti bar.

Ondan öň diňe Weýn Gretski (1979-1980-nji ýyllarda 137 utuk), Sidni Krosbi (2006-2007-nji ýyllarda 120 utuk we 2005-2006-njy ýyllarda 102 utuk), Jimmi Karson (1987-1988-nji ýyllarda 107 utuk), Mario Lemýe (1984-1985-nji ýyllarda 100 utuk) we Deýl Hawerçak (1981-1982-nji ýyllarda 103 utuk) şuňa meňzeş üstünlik gazanypdylar.

Şeýle hem, Selebrini şu möwsümde 100 utuk gazanan dördünji oýunçy bolup, ozal şeýle netijäni Konnor Makdewid (124), Neýtan Makkinnon (120) we Nikita Kuçerow (121) gazanypdy.

"San Hose" 75 utuk bilen Ýuwaş umman diwizionynda altynjy orunda durýar.


23.02.2026 02:06
4.4k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...

04.02.2026 16:04
9.1k+

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyny dünýä çempionatyna Ahmet Gurbanow taýýarlar

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Ahmet Gurbanow bellenildi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 13-19-njy aprel aralygynda Keýptaun şäherinde (GAR) geçiriljek dünýä çempionatynyň III diwizionyna taýýarlyk görer...

06.11.2025 19:10
3.7k+

Oweçkin taryhda ilkinji bolup MHL-iň yzygiderli çempionatlarynda 900 şaýba geçirdi

“Waşington Kepitalz” amerikan hokkeý toparynyň hüjümçisi Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynyň (MHL) yzygiderli çempionatlarynda 900 şaýba geçiren ilkinji hokkeýçi bolup, taryhy rekord goýdy. Bu barada CBS Sports habar berýär...

02.10.2025 19:05
4.2k+

136 million dollar: Kiril Kaprizow “Minnesota” bilen hokkeýiň taryhynda iň uly şertnamany baglaşdy

Russiýaly hüjümçi Kiril Kaprizow Milli hokkeý ligasynyň (NHL) “Minnesota Waýld” kluby bilen täze şertnama baglaşdy.  Bu şertnama umumy baha we ortaça ýyllyk aýlyk nukdaýnazaryndan professional hokkeýiň taryhynda iň uly ylalaşykdyr diýip,  TSN habar neşiri habar berýär...