Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyny dünýä çempionatyna Ahmet Gurbanow taýýarlar

  • 04.02.2026 16:04
  • 9.3k+

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Ahmet Gurbanow bellenildi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 13-19-njy aprel aralygynda Keýptaun şäherinde (GAR) geçiriljek dünýä çempionatynyň III diwizionyna taýýarlyk görer.
Gurbanow täze wezipede Ylýas Weliýewiň ornuny eýelär.
Ikinji diwiziona çykmak ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň, GAR-yň, Türkiýäniň, Meksikanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, şeýle hem Tailandyň ýygyndy toparlary bäsleşer.
«Baş tälimçi wezipesine bellenmek uly jogapkärçilik. Men bu topary içgin tanaýaryn we diwizionymyzda ownuk-uşak zatlaryň: düzgün-nyzamyň, wezipeleriň anyk paýlanylmagynyň we psihologik durnuklylygyň uly ähmiýete eýedigine düşünýärin. Biz dünýä çempionatyna taýýarlyk döwründe hut şu ugurlaryň üstünde işläris» – diýip, Gurbanow belledi.
Ýygyndy toparyň taýýarlygy Türkmenistanyň IIM-niň «Galkan» gyşky sport oýunlary merkeziniň buzly meýdançasynda geçirilýär. Tälimçiniň sözlerine görä, giňeldilen düzüme ýaş oýunçylar bilen bir hatarda tejribeli liderler hem girdi.
«Maksadymyz, iň bolmanda, baýrakly üçlüge girmek. Esasy maksadymyz bolsa — diwizionda ýeňiji bolup, ikinji diwiziona çykmak» – diýip, ol nygtady.
Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy daşary ýurt toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredýär.
Ahmet Gurbanow 32 ýaşynda. Ol mundan ozal milli ýygyndyda oýunçy we kapitan hökmünde çykyş edip, oýun tejribesini tälimçilik işi bilen utgaşdyrdy. Ol Kazan federal uniwersitetini «Bedenterbiýe we saglygy dikeldiş lukmançylygy» hünäri boýunça tamamlady, şeýle hem Daşkentde Şwesiýanyň, Finlýandiýanyň we beýleki ýurtlaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen IIHF-niň (Halkara hokkeý federasiýasy) tälimçilik okuwlaryny geçdi.


03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

02.06.2026 00:00
3.8k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....