Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara forumyna gatnaşdy

  • 02.04.2026 10:36
  • 2k+

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär.

Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar durnukly ösüşe we umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmen wekili öz çykyşynda ýurduň BMG-ä agza döwletleriň, Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň ýurduň hukuk ýagdaýyny we onuň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki ornuny goldaýandygyny nygtady. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara forumyň üç ugry öz içine alýan mejlislerine gatnaşdy. Olaryň dowamynda parahatçylygy pugtalandyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, täze ulag geçelgelerini döretmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak we energiýa serişdeleriniň elýeterliligini gazanmak, ylym-bilim we syýahatçylyk pudaklarynda tejribe alyşmak hem-de gatnaşyklaryň hukuk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
830

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......