Kann kinofestiwaly «Elektrikli Wenera» komediýasy bilen açylar

  • 02.04.2026 10:56
  • 1.2k+

79-njy Kann kinofestiwaly režissýor Pýer Salwadoriniň «Elektrikli Wenera» («Электрическая Венера») atly komediýasy bilen açylar. Filmiň görkezilişi 12-nji maýda – dabaraly açylyş gününde bolar.

Filmde suratlandyrylýan waka 1920-nji ýyllardaky Parižde bolup geçýär. Onuň baş gahrymany Antuan atly nakgaş aýaly ýogalandan soň döredijilik ylhamyny ýitirýär. Ol aýaly bilen habarlaşmak üçin ruhlar bilen gepleşýän mediuma ýüz tutýar. Emma ol özüni medium diýip tanadan zenanyň öýkünjeň karnawalçydygyny aňmaýar. Wagtyň geçmegi bilen, şol zenan nakgaşa göwün berip başlaýar.

Filmdäki beýleki esasy rollary Pio Marmaý, Anais Demustýe we Žil Lelluş ýerine ýetirýär. Kann kinofestiwaly 12-nji maýdan 23-nji maýa çenli dowam eder.

Bu ýylky bäsleşigiň eminler toparyna günorta koreýaly režissýor Pak Çhan Uk («Oldboý», «Aýyrmak usuly») ýolbaşçylyk eder. Ol bu wezipe ynanylan Günorta Koreýanyň ilkinji, Aziýanyň bolsa üçünji wekilidir.

Festiwalyň hormatly «Altyn palma şahasyny» meşhur režissýor Piter Jeksona («Ýüzükleriň hökümdary», «Hobbit») we aktrisa hem-de aýdymçy Barbra Streýzanda gowşurarlar.


şu gün 08:26
3.1k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....