Bütindünýä banky dünýäde zibil möçberiniň gorkuly derejede çalt artýandygyny duýdurdy

  • 03.04.2026 14:41
  • 8.1k+

Dünýäde gaty öý-hojalyk galyndylarynyň möçberi çalt artmagyny dowam etdirýär we 2050-nji ýyla çenli 3,9 milliard tonna ýetip biler. Bu barada Bütindünýä bankynyň «What a Waste 3.0» atly hasabatynda aýdylýar.

Maglumatlara görä, 2022-nji ýylda dünýäde 2,6 milliard tonnadan gowrak galyndy emele geldi. Galyndylary gaýtadan işlemek ulgamynyň ösmegine garamazdan, sarp edişiň artmagy sebäpli galyndylaryň umumy möçberi ýokary bolmagynda galýar diýip, «Conversation» neşiri ýazýar.

Nädogry usulda ýok edilýän galyndylaryň paýynyň 30%-den 20%-e çenli peselip biljekdigi bellenilýär, emma şeýle galyndylaryň umumy möçberi ýylda, takmynan, 760 million tonna derejesinde galar. Bu bolsa galyndylaryň ep-esli böleginiň ýakylmagynyň ýa-da rugsat berilmedik zir-zibil ýerlerine düşmeginiň dowam etjekdigini aňladýar.

Hasabatyň awtorlary galyndylary dolandyryş ulgamlarynyň ösüşiniň olaryň möçberiniň artyşyndan yza galýandygyny nygtaýar. Bu bolsa howanyň we suwuň hapalanmagyna, zyňyndylaryň köpelmegine hem-de ýaşaýyş şertleriniň peselmegine alyp barýar.

Munuň esasy sebäpleriniň biri hem gaýtadan işlemegiň gymmat bolmagydyr. Girdejisi pes bolan ýurtlarda galyndynyň bir tonnasyny ýok etmek üçin çykdajylar azyndan 40–45 dollara düşýär, ösen ýurtlarda bolsa 200 dollardan gowrakdyr.

Hünärmenler meseläni çözmek üçin iri möçberli maýa goýumlaryň gerekdigini belleýär, sebäbi maliýeleşdirmäniň ýeterlik bolmazlygy bu meseläniň dowam etmeginiň esasy sebäpleriniň biridir.

«Dünýä bileleşigi galyndylary ýok etmekde tygşytlylyk etmegiň illýuziýadygyna düşünmelidir. Biz diňe maliýe we ekologiýa ýüküni geljekki nesilleriň üstüne atýarys. Bu meseläni çözmek üçin ýakyn 25 ýylyň dowamynda ýüzlerçe milliard dollar maýa goýum gerek bolar. Galyndy meselesi diňe bir ekologiýa meselesi däl-de, eýsem ählumumy maliýe, saglygy goraýyş we netijeli döwlet dolandyryş meselesidir» – diýip, hasabatda bellenilýär.


şu gün 00:08
1.4k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 18:42
2.8k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

düýn 11:45
1.7k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

düýn 01:26
12k+

Awstriýada goýunlar üçin «sowut» ýasaldy: möjekden goranmagyň adatdan daşary usuly

Awstriýanyň Karintiýa sebitiniň ýaşaýjysy goýunlar üçin daşy tikenli gorag lybasyny oýlap tapdy. Bu lybas böriler hüjüm edende malyň heläk bolmak howpuny azaltmalydyr. Emma bu oýlap tapyş haýwanlary......