Floridanyň Palm-Biç aeroportyna Donald Trampyň adyny dakmak meýilleşdirilýär

  • 03.04.2026 20:03
  • 8.5k+

Floridadaky Palm-Biç şäheriniň halkara howa menziline ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň adyny dakmak göz öňünde tutulýar. Degişli permana 30-njy martda ştatyň gubernatory, respublikaçy Ron DeSantis gol çekdi.

Mundan öň bu çözgüdi ştatyň parlamentiniň iki palatasy hem goldapdy. CNN neşiriniň ýazmagyna görä, bu karar Federal awiasiýa administrasiýasyndaky (Federal Aviation Administration — FAA) degişli amallardan soň, 1-nji iýuldan güýje girer diýlip garaşylýar.

FAA aeroportlaryň atlarynyň ştat derejesinde tassyklanýandygyny, ýöne edaranyň karta we maglumatlar binýadyna üýtgeşmeler girizmelidigini habar berdi.

Bu başlangyç makullanandan soň, The Trump Organization kompaniýasy awiagatnawlar bilen bagly harytlar we hyzmatlar üçin söwda belgisini hasaba aldyrmaga arza tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa ABŞ-nyň Prezidentiniň we onuň maşgalasynyň howa menziliniň adynyň üýtgemeginden «hiç hili awtorlyk sylagyny, ygtyýarnama töleglerini ýa-da maliýe öwez tölegini almajakdyklaryny» aýratyn nygtady.


düýn 08:03
12k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.5k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....