Hindistan 100 aeroport gurmagy meýilleşdirýär

  • 02.04.2026 11:48
  • 8.2k+

Hindistan hökümeti sebitleýin howa gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilen Modified UDAN maksatnamasyny tassyklady. Onuň býujeti 28,840 million hindi rupiýasy (takmynan 3,5 milliard ABŞ dollary) bolar.

Maksatnama on ýyl üçin meýilleşdirilýär we howa gatnawlaryny halk üçin has elýeterli etmäge gönükdirilendir. Bu maksat maksatnamanyň adynda hem öz beýanyny tapýar: UDAN diýmek Ude Desh ka Aam Nagrik - "ýurduň ýönekeý raýaty hem uçsun" diýmegi aňladýar.

Başlangyjyň çäklerinde täze 100 aeroport we 200 dikuçar meýdançasyny gurmak meýilleşdirýär.

Bular sebitlerde öň bar bolan, ýöne ulanylmaýan uçuş-gonuş zolaklarynyň esasynda dörediljek kiçi desgalardyr. Esasy maksat kiçi şäherleri umumy awiasiýa ulgamyna birikdirmekdir.

Taslama täze ugurlaryň ykdysady taýdan netijeli bolmagyny üpjün etmek üçin awiakompaniýalara maliýe goldawyny bermegi hem öz içine alýar.

Häzirki wagtda Hindistanda 163 aeroport bar (2025-nji ýyl boýunça). Häkimiýetler olaryň sanyny 2047-nji ýyla çenli 350–400-e çenli artdyrmagy meýilleşdirýärler.


18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....