Netflix Ronaldinýo barada serial çykarar

  • 02.04.2026 15:50
  • 4.7k+

Netflix striming platformasy ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri bolan braziliýaly Ronaldinýo barada dokumental serial taýýarlaýar. Bu barada kompaniýa özüniň sosial ulgamynda habar berdi.

«Ronaldinýo: Ýeke-täk we gaýtalanmajak» (Ronaldinho: The One and Only) atly bu taslamanyň premýerasy 16-njy aprele meýilleşdirilýär. Onuň mazmuny ozal hiç ýerde görkezilmedik wideolary, şeýle-de Lionel Messi, Neýmar we Roberto Karlos ýaly ýyldyzlaryň gürrüňlerini öz içine alar.

Netflix tomusda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda üç sany brazil taslamasyny: 7-nji maýda çykjak Braziliýanyň 1994-nji ýylda çempion bolan ýygyndysy baradaky, 8-nji iýunda görkeziljek Günorta Amerikanyň ýaş zehinlerini ýüze çykarýan «Super Copa Pioneer» ýaryşy hakyndaky filmleri, şeýle-de şu habarda gürrüňi gidýän – Ronaldinýonyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan serialy köpçülige hödürlemek isleýär.

Ronaldinýo 2002-nji ýylda dünýä çempiony bolupdy. Ol dürli ýyllarda «Barselona», «PSŽ», «Milan» we «Flamengo» ýaly meşhur klublarda çykyş etdi. Şeýle-de meşhur futbolçynyň şekili FIFA 2004, 2006, 2007, 2008, 2009 wideo oýunlarynyň ýüzüni-de bezedi.

2005-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy futbolçysy hökmünde «Altyn topa» eýe bolan Ronaldinýo, şol ýyl FIFA tarapyndan dünýäniň iň gowy oýunçysy diýlip hem yglan edilipdi.


düýn 23:58
797

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....