Türkmenistan bilen Braziliýanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl boldy

  • 03.04.2026 14:35
  • 1.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny aýratyn belledi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Braziliýanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
830

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......