«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň 5-nji mejlisi geçirildi

  • 01.04.2026 21:48
  • 1.8k+

31-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga hökümet agzalary, ministrlikleriň we degişli pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Bu Geňeş 2024-nji ýylyň martynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen döredildi. Onuň çäklerinde howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi we ynsanperwerlik ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli onuň dört mejlisi geçirildi.

Duşuşykda BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygy bellenildi.

Taraplar Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak meselelerine seretdi. Türkmenistan birinji we ikinji synlaryny 2019-njy we 2023-nji ýyllarda ECOSOC-yň meýdançasynda hödürläpdi.

Şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmak we ýaşlar syýasatyny ösdürmek boýunça maksatnamalaryň taslamalary maslahatlaşyldy. 2026–2028-nji ýyllar üçin «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak barada pikir alşyldy.

Mejlisiň netijeleri boýunça BMG-niň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan we şu ýyl üçin öňünden ylalaşylan birnäçe resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda şular bar:

  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda ÝUNISEF-iň Türkmenistan boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda ÝUNISEF-iň Türkmenistan boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda «Reproduktiw saglyk pudagynda ýokary hilli hyzmatlara ählumumy elýeterliligi gowulandyrmak» taslamasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda «Demografik diwidentden netijeli peýdalanmak üçin bilim ulgamyny kämilleşdirmek» taslamasyny ýerine ýetirmegiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy.

düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......