GPS geçmişde galdy: Beýik Britaniýada kwant nawigasiýaly otly synag edildi

  • 03.04.2026 16:15
  • 3.7k+

Beýik Britaniýa dünýäde ilkinji bolup, magistral otlusynda kwant nawigasiýa ulgamyny barlap gördi. Bu synag işleri London bilen Uelwin-Gaden-Siti şäherleriniň arasyndaky Great Northern ýolunda amala aşyryldy.

Gürrüň «Railway Quantum Inertial Navigation System» (RQINS) diýlip atlandyrylýan täze ulgam barada gidýär. Bu tehnologiýa kosmosdaky hemralardan gelýän signallara mätäç bolmazdan, otlynyň nirededigini örän duýgur datçikleriň kömegi bilen anyklaýar. Adaty GPS ulgamyndan tapawutlylykda, ol tunellerde, beýik binalaryň gür ýerlerinde we hemra signalynyň ýitýän beýleki kyn nokatlarynda hem bökdençsiz işleýär. Network Rail kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, bu tehnologiýa otlynyň iň kiçi hereketlerini we öwrümlerini hem hasaba alyp, onuň nirededigini yzygiderli hasaplap durýar. Geljekde bu täze ulgam otlulary yzarlamak üçin ulanylýan we gurnalmagy örän gymmada düşýän köne enjamlaryň hem-de desgalaryň ornuny tutup biler.

Bu möhüm synaglar Great British Railways, Network Rail we Govia Thameslink Railway ýaly uly demir ýol edaralarydyr guramalary tarapyndan bilelikde guraldy. Hünärmenler ulgamyň hakyky demir ýol şertlerinde nähili işleýändigini jikme-jik barladylar. Taslamany Innovate UK we döwlet ylym, innowasiýalar we tehnologiýalar edarasy hem doly goldaýar.

Britan häkimiýetleri kwant tehnologiýalaryna ýurduň ösüşi üçin iň möhüm ugurlaryň biri hökmünde garaýarlar.


düýn 23:53
886

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....