Counter-Strike 2 oýnuna täze animasiýa ulgamy goşuldy. Şeýle-de peýntbol barada yşaratlar peýda boldy

  • 03.04.2026 15:24
  • 3.9k+

Valve kompaniýasy 2-nji aprelde Counter-Strike 2 üçin animgraph_2_beta atly beta-täzelenmäni çykardy. Onuň esasy täzeligi — prosessora we tora düşýän agramy azaldýan Animgraph 2 animasiýa ulgamydyr.

Şeýle hem, üçünji şahsyň adyndan görkezilýän animasiýalar täzeden işlenildi. Indi oýunçylar beýleki gatnaşyjylaryň pyçagy nähili çykarýandygyny görüp bilerler. Ýapgyt üstlerde modelleriň görnüş logikasy hem üýtgedildi, bu bolsa granatlaryň zyňlyş traýektoriýasyna täsir edip biler.

Mundan başga-da, täzeleme C4 bombasy bilen bagly üýtgeşmeleri hem öz içine aldy: bombanyň goýluşy üçin täze ses döredildi, animasiýasy çaltlandyryldy, çykarylan wagty bolsa bomba ýörite signal berýär. Oýna üçünji şahsyň adyndan doly derejeli görüş görnüşi hem goşuldy.

Şol bir wagtyň özünde, insaýder Thour täzelemäniň faýllarynyň arasynda peýntbol režimine degişli maglumatlary ýüze çykardy. Kodlaryň içinde şarjagazlaryň degen ýerinde galýan yzlaryň hatarlary we teksturalary tapyldy. Valve tarapyndan bu režim resmi taýdan yglan edilmedi, onuň haçan peýda bolup biljekdigi bolsa nämälimligine galýar.


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

29.05.2026 11:34
6.1k+

«EA Sports FC 26» oýnuna 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty režimi goşuldy

Electronic Arts kompaniýasy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «EA Sports FC 26» oýny üçin uly täzelenmäni çykardy....

22.05.2026 20:52
3.2k+

GTA VI-nyň noýabrda çykjakdygy resmi taýdan tassyklandy

GTA VI oýnunyň çykjak senesi gutarnykly tassyklanyldy — oýun 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda elýeterli bolar. Bu barada Take-Two kompaniýasy özüniň maliýe hasabatynda resmi ýagdaýda yglan etdi....