Saharadan gelen gyzgylt ümür Türkiýäniň günorta kenaryny gurşap aldy

  • 03.04.2026 20:20
  • 7.4k+

Afrikadan gelen çäge tozany Türkiýäniň günorta sebitlerine-de baryp ýetdi. Bu tebigy hadysa sebäpli asman adaty bolmadyk mämişi reňke bürendi we birnäçe şäherlerde aralyklary görmek kynlaşdy diýip, Anadolu agentligi habar berýär. Aralyklary görmek ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, ýurduň häkimiýetleri raýatlary ýollarda seresap bolmaga çagyrdy.

Güýçli günorta şemaly Afrikanyň çöllerinden gelen tozany Antalýa welaýatyna getirdi. Alanýa şäherinde we onuň töweregindäki etraplarda asman narynç öwüsdi. Ir ertirden tozanly bulutlar tutuş sebiti gurşap alan bolsa, agşamky apy-tupan läbik ýagşyň ýagmagyna sebäp boldy. Netijede, awtoulaglar, dälizler we açyk ýerler laý gatlagy bilen örtüldi.

Adanada hem tozanyň täsiri bilen howanyň hili peseldi we aralyklary saýgarmak gaty kynlaşdy. Ulaglaryň üstünde galyň tozan gatlagy emele geldi. Mersinde tozanly bulutlar şäher merkezine, şeýle hem Bozýazy, Silifke we Tarsus etraplaryna täsir etdi.

Şonuň ýaly, Hataýda-da asmany goýy ümür gurşap aldy. Meteorologlaryň berýän maglumatyna görä, tozan bölejikleri sebitde ertir agşama çenli saklanar. Kilisde bolsa Siriýa tarapdan gelen tozanly bulut çägeli şemal bilen güýçlendi, bu bolsa ýollarda kynçylyklaryň döremegine sebäp boldy.

Ýatladyp geçsek, bir gün ozal, ýagny 2-nji aprelde şuňa meňzeş ýagdaý Türkiýeden daşarda hem hasaba alyndy. Hususan-da, Saharadan gelen tozan sebäpli Gresiýanyň Krit adasynyň asmany hem gyzyl reňke bürenipdi.


25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

03.06.2026 12:21
9.4k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......