Изменения климата сделают град в будущем более крупным и опасным

  • 03.06.2026 12:21
  • 9.4k+

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden 42,1 göterime çenli artjakdygyny duýdurýar.

​Tutuş dünýäde howanyň global üýtgemegi, aşa gyzmagy we çyglylygyň ýokarlanmagy sebäpli, XXI asyryň ahyryna çenli diametri 30 millimetrden-de uly bolan iri dolularyň ýagma ýygylygy 37,9 göterimden 51,8 göterime çenli köpeler.

​Hünärmenler bütin dünýä boýunça taryhda hasaba alnan 14 müňden gowrak doly ýagma hadysasyny seljerdiler. Olar howanyň gyzgynlygyna, çyglylygyna we ýeliň tizligine esaslanyp, doly dänejikleriniň ulalyşyny, gaçyşyny we eräp ýok bolşuny yzarlaýan kompýuter modelini döretdiler. Bu model ilki öňki bolan apy-tupanlarda synagdan geçirildi, soňra bolsa alymlar parnik gazlarynyň howa goýberilişiniň dürli derejelerine görä howanyň üýtgemeginiň üç ssenariýasyny tasladylar. Netijede, iri dolularyň sany köpelse-de, diametri 30 millimetrden kiçi bolan ownuk jöwenekleriň ýagma ýygylygynyň, tersine, 4,2 göterimden 12,3 göterime çenli azaljakdygy anyklanyldy.

​Pekin uniwersitetiniň fizika fakultetiniň Atmosfera we umman ylymlary kafedrasynyň barlagçysy, ylmy işiň awtory Şii Çžan bu barada: «Çaklamalara görä, wakalaryň ösüş ssenariýasyna baglylykda, XXI asyryň ahyryna çenli tutuş dünýäde doly sebäpli ýetiriljek zyýan 36,5 göterimden 42,1 göterime çenli ýokarlanar» diýip belledi.

​Mundan iň köp zyýan çekjek sebitler Demirgazyk Amerika, Ýewropa we Aziýa ýurtlary bolar. Bu ýerlerde awtoulaglaryň, oba hojalyk ekinleriniň we infrastrukturanyň zaýalanmak howpy has-da artar. Tropiki we subtropiki guşaklyklarda bolsa, howanyň aşa gyzgynlygy sebäpli, ownuk dolylar entek Ýere ýetmänkä ýolda dolulygyna eräp ýok bolar.


вчера 23:12
2.8k+

Японские эксперты создали музыку для усыпления младенцев

Японская некоммерческая организация «Лаборатория аудиокоммуникаций Тиба», специализирующаяся на анализе звука для судебных доказательств, разработала музыку для усыпления младенцев. За две недели трек набрал......

20.06.2026 20:25
12k+

Вниманию водителей: вот какие вещи не стоит оставлять в машине летом

Высокая температура внутри автомобиля в летний период представляет серьезную опасность не только для забытых вещей, но и для безопасности самого водителя и пассажиров. Эксперты предупреждают, что салон машины......

18.06.2026 09:51
2.9k+

ЮНИСЕФ: с угрозой климатических рисков сталкиваются свыше миллиарда детей

Свыше миллиарда детей по всему миру одновременно сталкиваются с последствиями жары, засух, наводнений, штормов и лесных пожаров. Об этом говорится в заявлении ЮНИСЕФ, пишет издание The Guardian....

17.06.2026 11:37
5k+

Учёные научились выявлять подделанные картины, даже не касаясь полотна

Ученые из Политехнического университета О де Франс разработали инновационный способ определения подлинности картин, который не требует физического воздействия на полотно. Подробное описание технологии......