«Tottenhem» De Dzerbini baş tälimçi belledi. Onuň bilen «uzak möhletleýin» şertnama baglaşyldy

  • 01.04.2026 23:41
  • 3.8k+

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby Roberto De Dzerbininiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Klub italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň «uzak möhletleýin» häsiýete eýedigini habar berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, ylalaşyk bäş ýyl möhlet bilen baglaşyldy we onda toparyň Angliýanyň Premýer-ligasyndan aşaky liga düşen ýagdaýynda şertnamany möhletinden öň ýatyrmak baradaky bölek goşulmady.

«Men şu ajaýyp futbol klubuna goşulýandygymdan örän şat... maksatlara ýetmek üçin bar güýjümi sarp ederin» diýip, De Dzerbi aýtdy.

De Dzerbi bu wezipede 44 günüň dowamynda klubda işlän horwatiýaly Igor Tudoryň ornuna geçdi. Tudoryň ýolbaşçylygynda topar ýedi duşuşyk geçirip, diňe bir gezek ýeňiş gazandy. Maglumatlara görä, Tudor öwez tölegini almazdan kluby terk etdi. Bir ýylyň içinde klub eýýäm üç tälimçini işden boşatdy.

Italiýaly hünärmen De Dzerbi 46 ýaşynda. Ol soňky gezek 2024-nji ýylyň iýunyndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli «Marsel» toparynda işledi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Fransiýanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi. Habar berilmegine görä, ol ýewrokuboklardaky we milli çempionatdaky şowsuzlyklardan soň, öz islegi bilen wezipesinden gitmek barada karar kabul etdi.

Mundan ozal De Dzerbi «Sassuolo», Doneskiň «Şahtýory» we «Braýton» ýaly toparlara tälim beripdi. Ol Angliýada «Braýton» klubuna taryhyndaky iň gowy netijäni gazanmaga we ýewrokuboklara çykmaga kömek etdi.

APL-iň 31-nji tapgyryndan soň «Tottenhem» 30 utuk toplap, ýaryş jedwelinde 17-nji orny eýeleýär. Topar indiki duşuşygyny 12-nji aprelde «Sanderlend» toparyna garşy geçirer.


06.06.2026 10:24
5.7k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.3k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......