Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi 2026-njy ýylyň üç aýynyň iş jemlerini jemledi

  • 02.04.2026 07:55
  • 13k+

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar—mart aýlarynda bitiren işleriniň netijelerine seredildi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bellenen döwürde amala aşyrylan işleriň umumy netijeleri barada gezekli-gezegine hasabat berdi. Mejlisiň dowamynda ýurtda howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de olaryň işini kämilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Hasabatlarda Ýaragly Güýçleri ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky çäreler, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gulluga çagyrylyşyň we harby gullukdan boşatmagyň barşy barada aýdyldy.

Şeýle hem kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmek boýunça bitirilen işleriň netijeleri barada maglumat berildi. Kazyýet ulgamyny ösdürmäge, milli howpsuzlygy berkitmäge, döwlet serhediniň goraglylygy pugtalandyrmaga, kanunçylygy kämilleşdirmäge, gümrük gullugyny döwrebaplaşdyrmaga we migrasiýa ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Prezident hasabatlary diňläp, ýurduň goranyş ukybyny has-da berkitmegiň, raýatlaryň hukuklaryny goramagyň we kanunçylygy üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna bu ugurlardaky işleri dowam etdirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Mejlisde beýleki meselelere hem seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......