18 müňden saýlananlar: «Memorial Maria Luisa Awards 2026» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 02.04.2026 15:46
  • 2.2k+

«Memorial Maria Luisa Awards 2026» halkara bäsleşiginiň eminler topary ýeňijileri mälim etdi. Şu ýyl 36-njy gezek geçirilýän bu bäsleşik tebigat, daglar we başdan geçirmeler mowzugyndaky suratlara bagyşlandy.

Bäsleşige dünýäniň 78 ýurdundan 1 450 awtor tarapyndan jemi 18 059 sany fotosurat we 182 sany wideorolik hödürlendi. Geçirilen saýlawlaryň netijesinde, iň özüne çekiji we täsirli suratlar finala çykdy.

Baş baýrak we ýeňijiler:

GAÝDUWSYZLAR — Kristof Fişer (Kanada) / Absolýut ýeňiji

Gran-pri Fundación Cajastur: Baş baýraga kanadaly fotosuratçy Kristof Fişer özüniň «Gaýduwsyzlar» atly işi bilen mynasyp boldy. Suratda tozanly tupanyň içinde duran iki sany antiolopa şekillendirilýär. Fişer tebigatyň gözelligini, durnuklylygy we diri galmak ugrundaky göreşi bir pursata sygdyrmagy başarypdyr.

SOŇKY ŞÖHLELER — Lýuben Goden (Fransiýa) / «Ýaş fotosuratçylar» kategoriýasynda ýeňiji

«Ýaş fotosuratçylar» kategoriýasynda fransuz Lýuben Goden ýeňiji boldy. Onuň suratynda gaýanyň gyrasynda duran dag geçisi görkezilýär. Bu surat özüniň çuňňurlygy bilen kinematografik täsir galdyrýar.

Bäsleşikde dürli kategoriýalar boýunça ýeňijiler bilen bir hatarda, Hormat hatlaryna mynasyp bolan işler hem kesgitlendi. Bu çäre indi köp ýyllardan bäri ýabany tebigatyň üýtgeşik pursatlaryny dünýä ýaýmagy dowam edip gelýär.

UÇÝAN INŽENER — Bidýut Kalita (Hindistan) / Ýeňiji: Makrosurat

GÖK GÜRLÄNDE — Filip Hrebenda (Slowakiýa) / Ýeňiji: Dag peýzažlary

WÝETNAM — Huan Zas (Ispaniýa) / Ýeňiji: Ýylyň temasy — «Oba dünýäsi»

ÝEKELIKDE SERRO-TORRE DYRMAŞYP BARÝAN KOLIN HEÝLI — Taýler Lekki (ABŞ) / Ýeňiji: Alpinizm

ATAŞLY MYNAJAT — Azim Han Ronni (Fransiýa) / Ýeňiji: Dagdaky ynsan we/ýa-da Tebigat

AÝ ŞUGLASY — Imre Potýo (Wengriýa) / Ýeňiji: Bioköpdürlülik we geoköpdürlülik

AJAL PERIŞDESI — Endi Parkinson (Beýik Britaniýa) / Ýeňiji: Guşlar dünýäsi

GERIŞDÄKI SÖWEŞ — Diego Moreno Karbalýo (Ispaniýa)

ALPAMAÝO — Harri Lihtman (ABŞ)

BUZLAR BILEN ÄLEM ARALYGYNDA — Ramiro Torrents (Argentina)

TUMŞUKLARY ÝOKARY! — Mişel Walberg (Kanada)

ENE GUJAGYNDA — Dwir Barkaý (ABŞ)

GAÝADAKY ARWAH — Marko Gaýotti (Italiýa)

BATYRLYGYŇ GANATLARY — Kallol Mukerji (Hindistan)

ATA-ENE MYRADY — Tomas Widžaýan (Kanada)

GÜÝZ NAGYŞY — Stefano Çokketti (Italiýa)

AGYR ÝÜK — Noam Kortler (Ysraýyl)

REAKTIW HEREKET — Kristobal Serrano (Ispaniýa)

ZÄHERLENEN SURAT — George Popa (Rumyniýa)

LINZA ARASSALAÝJY — Sezar Sengupta (Hindistan)

TOKAÝ GUŞY — Andres Luis Dominges Blanko (Ispaniýa)

ARY ÖÝJÜGINIŇ SAKÇYLARY — Ritwed Girişkumar (BAE)


düýn 17:34
2.6k+

Amyderýadan Aşgabada: ýaş tebigatçylar üçin ekologiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan ýaşlar üçin okuw maslahaty......

düýn 16:37
2.4k+

Dünýäniň iň garry gorillasy Berlin haýwanat bagynda 69 ýaşyny belledi

Häzirki wagtda dünýäniň iň garry gorillasy hasaplanýan Fatu Berlin haýwanat bagynda özüniň 69 ýaşyny baýram etdi....

21.04.2026 22:09
5.3k+

Ysy – melhem, sesi – em: ýagşyň imrindiriji güýjüniň syry açylýar

Ýene ýagyş ýagyp başlady. Ýerimden turmaga ýaltanyp  oturan halyma, nädip penjiräniň ýanyna baranymy-da duýman galdym. Penjiräni açanymdan içerä kürsäp giren howanyň çygly ysyny demime dartyp, heziller......

21.04.2026 09:04
9.2k+

Ägirt uly aý-balyk Wenesiýa kanalyny bekledi

Wenesiýa kölünde agramy bir tonnadan geçýän jansyz aý-balyk esasy gämi gatnaw ýoluny ýapdy. Bu hadysa şäheriň deňiz gatnawynda uly bökdençlik döretdi....