Adam bilen itiň dostlugy çakymyzdan 5 müň ýyl ozal başlapdyr

  • 02.04.2026 11:36
  • 3.2k+

Londonyň Tebigy taryh muzeýiniň alymlary itleriň adamlaryň durmuşyna azyndan 15 müň ýyl ozal aralaşandyklaryny anykladylar. Bu görkeziji öňki çaklamalardan takmynan bäş müň ýyl irki döwre degişlidir. Barlagyň netijeleri Nature žurnalynda çap edildi.

Hünärmenleriň şeýle netijä gelmegine Angliýanyň Somerset graflygyndaky Gof gowagyndan tapylan äň süňküniň düýpli seljerilmegi sebäp boldy. Genetik barlaglar bu galyndylaryň iň gadymy öý itleriniň birine degişlidigini görkezdi.

Gyzykly ýeri, bu süňk, baryp 1920-nji ýyllarda tapylypdy. Ýöne näme üçindir muzeýde oňa uzak wagtlap üns berilmedi. Diňe ýakynda geçirilen DNK seljermesi onuň hakyky gelip çykyşyny mälim etdi.

Genetik maglumatlar Ýewropanyň beýleki ýerlerinde we Anatoliýada hem meňzeş nusgalaryň bardygyny ýüze çykardy. Munuň özi itleriň soňky buzluk döwrüniň ahyrynda (20-11,7 müň ýyl ozal) adamlar bilen bilelikde dünýä ýaýrandygynyň alamatydyr.

Himiki seljermeler itleriň we adamlaryň şol döwürlerde meňzeş iýmitler – et, balyk we ösümlik önümleri bilen iýmitlenendigini subut etdi.

Indi alymlar ilkinji itler adamlaryň düşelgeleriniň golaýynda mesgen tutup başlan we kem-kemden adamlaryň gurşawyna öwrenişen çal möjeklerden gelip çykandyr diýip güman edýärler.


şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.5k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......