Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

  • 03.04.2026 15:18
  • 10k+

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil we demir ýol gatnawlary bökdelip, käbir ýerlerde adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizildi.

​Bahar paslynyň ortasynda gökden inen bu gar, soňky 10 ýylyň içindäki iň güýçli ýagan gar diýlip hasaba alyndy. Ýollar ýapylyp, awtomobiller garyň aşagynda galdy.

Sinoptikleriň başda duýduryşy ýaly, garyň eremegi bilen yzly-yzyna güýçli çabga ýagyşlary başlandy. Ygallylyk soňky 48 sagadyň içinde käbir ýerlerde 120 mm-den hem geçdi.

Günorta we merkezi Italiýada obalar we ekerançylyk meýdanlary suw astynda galdy. Halas edijiler suwda galan 50-den gowrak sürüjini ewakuasiýa etdiler.

Tebigatyň turuzýan bu "oýnuna" Trinio derýasynyň joşgun bilen "jogap bermegi" netijesinde, Montenero-di-Bizaçça şäheriniň golaýyndaky awtomobil köprüsi ýykyldy. "Çöregiň bitin ýeri", köpri ýykylmazdan ozal barlag işleri üçin ýol ýapylypdy we şol sebäpli pida çekenler bolmady.

Iň çylşyrymly ýagdaý Termoli we Kampomarino aralygynda ýüze çykdy. Diňe Termoli şäheriniň özünde 150-ä golaý adam öýlerinden göçürilip, sport zallarynda we wagtlaýyn merkezlerde ýerleşdirildi.

Foja prowinsiýasynda hem ýagdaý durnuksyz bolmagynda galýar, ýerli häkimiýetler adatdan daşary ýagdaýy yglan etmek barada resmi haýyşnama bilen ýüz tutdular.


20.06.2026 14:57
7.3k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....