Krit adasynda güýçli ýel turdy: çägeli tupan adany Marsa öwürdi

  • 03.04.2026 10:29
  • 8.2k+

Gresiýanyň Krit adasyny Saharadan göterilen çägeli tupany getiren güýçli ýel - kalima gurşap aldy. Adanyň günorta kenary bilen Afrikanyň aralygy 300 kilometrden hem az, şonuň üçin hem şeýle hadysalaryň bolmagy bu ýerde geň däl.

Kurortlaryň depesindäki asman mämişi-gyzyl reňke boýaldy, bu görnüş Marsyň üstünde surata alnan manzarlary ýatladýar.

 “Erminio” tupany çägeli harasadyň döremegine sebäp boldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, howadaky tozanyň konsentrasiýasy kub metre 1000 mikrogramdan ýetdi. Ilata haryt daşamak we gämi abatlamak ýaly açyk howada ýerine ýetirilýän işlerden wagtlaýynça saklanmak maslahat berildi.

Görnüşiň pesligi sebäpli, Irakliondaky Nikos Kazandzakis howa menzili wagtlaýynça ähli uçuşlary ýatyrdy. Käbir sebitlerde görnüş aralygy 100–1000 metre çenli peseldi.

Şeýle hem, tupan weýrançylyklara sebäp boldy. Pahiýa-Ammos etrabynda ýük ulagy agdaryldy, güýçli ýel iki sosna agajyny kökünden sogurdy, ýyladyşhanalara zyýan ýetirdi we keramika zawodynyň diwaryny weýran etdi. Iýerapetranyň köne şäherinde kenarýakadaky jaýlar tolkunlaryň zarbasy astynda galdy.

Syýahatçylar adanyň adatdan daşary görnüşini belläp, sosial mediada öz täsirlerini paýlaşýarlar, bolup geçýän wakalary hyýaly filmlerindäki sahnalar we beýleki ýurtlardaky şuňa meňzeş hadysalaryň syn edilen peýzažlary bilen deňeşdirýärler .


03.06.2026 07:44
6.4k+

Gresiýanyň adasynda pişiklere seredeniň üçin mugt ýaşaýyş jaýy hödürlenilýär

Syroscats haýwanlary goramak guramasy Gresiýanyň Siros adasynda işlemek üçin 2027-nji ýyl boýunça meýletinçileri hasaba alyp başlajakdygyny yglan etdi. Maksatnama gatnaşyjylar pişiklere seredendikleri üçin......

19.05.2026 20:39
5k+

Gresiýada 247 müň ýewro hususy ada satylýar

Gresiýanyň Ion deňzinde ýerleşýän «Makri» atly hususy ada noýabr aýynda geçiriljek auksionda 247 müň ýewro başlangyç baha bilen satuwa çykarylar. Haýran galmaly ýeri, bu adany 2022-nji ýylda 8 million ýewro......

15.05.2026 12:04
6.4k+

«Metallica» toparynyň Afinadaky konserti kiçiräk ýertitreme döretdi

«Metallica» amerikan toparynyň Gresiýanyň paýtagtynda geçiren konserti mikroseýsmiki sarsgynlara sebäp boldy. Çykyş Afinanyň Olimpiýa stadionynda bolup geçdi we ol toparyň Ýewropa boýunça syýahatynyň......

28.03.2026 14:22
4k+

Demokratiýanyň dörän ýeri bir Gresiýa-da däl. Başga ýurtlaram muňa ymtylypdyrlar

Alymlar täze barlaglaryň netijesinde, halkyň bileleşip döwlet dolandyrmak edähediniň diňe gadymy Gresiýada däl, eýsem bütin dünýäde ulanylandygyny anykladylar. Olar bu netijä gelmek üçin öňürti Ýewropanyň,......