Demokratiýanyň dörän ýeri bir Gresiýa-da däl. Başga ýurtlaram muňa ymtylypdyrlar

  • 28.03.2026 14:22
  • 4k+

Alymlar täze barlaglaryň netijesinde, halkyň bileleşip döwlet dolandyrmak edähediniň diňe gadymy Gresiýada däl, eýsem bütin dünýäde ulanylandygyny anykladylar. Olar bu netijä gelmek üçin öňürti Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň 31 sany gadymy medeniýetini ilik-düwme öwrendiler.

Taryhçy alymlaryň gelen netijelerine görä, şäheriň gurluşy bu babatda köp maglumaty özünde jemleýär. Meselem, eger şäherde uly meýdançalar we ilatyň üýşüp, maslahat edip biljek binalary köp gurlan bolsa, diýmek, ol ýerde adamlaryň sözi (demokratiýa) ýörän bolmaly. Tersine, eger şäherdäki ähli ýollar diňe hökümdaryň köşgüne barýan bolsa, şeýle-de uly heýkeller we ýadygärlikler agdyklyk etse, onda ýeke-täk bir adamyň sözi diňlenip (awtokratiýa), şoňa görä hereket edilen bolmaly.

Muňa mysal hökmünde Pakistandaky gadymy Ind jülgesiniň şäheri – Mohenjo-Darony, Meksikadaky Teotiuakan we Monte-Alban medeni merkezlerini, Demirgazyk Amerikanyň ýerli indeý taýpalarynyň birleşmesi – Irokez konfederasiýasyny bellemek bolar. Bu şäherlerde häkimiýet bir adamyň elinde däl-de, köpçülikleýin görnüşde bolupdyr. Ilat islendik meseleleri özara maslahatlaşyp, hemmeleriň bähbidini nazarlaýan derejede çözmegi başarypdyrlar.

Barlaga görä, bu ýagdaýa döwletiň ululygy däl-de, girdejiniň (puluň) kimde durandygy möhüm bolupdyr. Eger hemme baýlyk diňe bir toparyň elinde durýan bolsa, ýurt rehimsizlik bilen dolandyrylypdyr. Girdeji çeşmeleri ilatyň ygtyýarynda bolan ýagdaýynda welin, deňlik we agzybirlik döräpdir.

Gysgaça aýdylanda, gadymy geçmişde dünýäniň biri-birinden örän uzak künjeklerinde — Aziýada-da, Amerikada-da adamlar gadym wagtlardan bäri deňlige we döwleti bileleşip, agzybirlikde dolandyrmaga ymtylypdyrlar.


19.06.2026 20:02
1.4k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
3.9k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......