Dünýäniň iň meşhur muzeýleri mälim edildi: Luwr enteg-ä eýgerdenok

  • 02.04.2026 15:27
  • 4.2k+

Parižiň Luwr muzeýi 2025-nji ýylda dünýäniň iň gelim-gidimli muzeýi adyny saklap galdy. Muny «The Art Newspaper» neşiriniň geçiren barlaglarynyň maglumatlary delillendirýär.

Geçen ýyl Luwra 9 milliondan gowrak adam baryp gördi. Onuň yzyndan sanawda Watikan muzeýleri we Koreýanyň Milli muzeýi gelýär.

Sanawyň ilkinji onlugy aşakdakylardan ybarat:

  1. Luwr (9 046 000 adam);
  2. Watikan muzeýleri (6 933 822 adam);
  3. Koreýanyň Milli muzeýi (6 507 483 adam);
  4. Britan muzeýi (6 440 120 adam);
  5. Nýu-Ýorkdaky Metropoliten sungat muzeýi (5 984 091 adam);
  6. Döwlet Rus muzeýi (5 087 276 adam);
  7. Mehikodaky Milli antropologiýa muzeýi (5 048 893 adam);
  8. Şanhaý muzeýi (4 593 216 adam);
  9. Londondaky Teýt häzirkizaman galereýasy (4 514 266 adam);
  10. London milli galereýasy (4 147 544 adam).

Geçirilen gözleg Ýewropanyň we ABŞ-nyň köp sanly muzeýleriniň entek pandemiýadan öňki görkezijilerine doly gaýdyp gelmändigini görkezýär. Şol bir wagtda Aziýadaky we Latyn Amerikasyndaky birnäçe muzeýler gelýän adamlaryň sanynyň artýandygyny hasaba alýar.

Beýik Britaniýada muzeýleriň bir bölegi häzirem myhmanlaryny ýitirmegini dowam etdirýär, emma sebit we uniwersitet meýdançalary ösüş görkezýär.

Aziýada gyzyklanmanyň artmagy muzeý infrastrukturasynyň ösdürilmegi we sebit medeniýetine bolan gyzyklanmanyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. ABŞ-da barýan adamlaryň sany durnuklylygy saklaýar, emma oňa daşky faktorlar täsir edýär.

Hünärmenler Latyn Amerikasynyň muzeýleriniň ornunyň berkeýändigini belleýär, bu ýerde ösüş meýdançalaryň giňeldilmegi we iri sergileriň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......