FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

  • 02.04.2026 14:36
  • 11k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy hasabat döwrüniň netijeleri boýunça öz ornuny peseltdi. Bu ýagdaýa 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň aýgytlaýjy duşuşygynda Tailanddan utulmagy täsir etdi. Topar 4 basgançak aşak düşüp, 141-nji orna geldi. Umumy utuklaryň sany 8,87 bal azaldy we häzirki wagtda 1078,65-e deňdir.

Reýtingiň ýokary hatarynda hem üýtgeşmeler boldy. Birbada üçünji orundan birinji orna çykan Fransiýanyň ýygyndysy sanawyň lideri boldy. Ispaniýa ikinji (1876,40), Argentina bolsa üçünji (1874,81) orna düşdi. Portugaliýanyň ýygyndysy (1763,83) Braziliýanyň toparyny (1761,16) gysyp çykaryp, ilkinji bäşlige girdi.

FIFA-nyň reýtinginiň ilkinji onlugy:

  1. Fransiýa — 1877,32 (+3,36 bal)
  2. Ispaniýa — 1876,40 (-2,73)
  3. Argentina — 1874,81 (+0,86)
  4. Angliýa — 1825,97 (-6,65)
  5. Portugaliýa — 1763,83 (+4,22)
  6. Braziliýa — 1761,16 (+4,67)
  7. Niderlandlar — 1757,87 (-1,54)
  8. Marokko — 1755,87 (+2,79)
  9. Belgiýa — 1734,71 (-0,52)
  10. Germaniýa — 1730,37 (+1,89)

Esasy öňegidişlikler we pese gaçyşlar

  • Wýetnam uly öňegidişlik görkezdi. Bu ýygyndy birbada 9 basgançak ýokary galyp we +36,17 bal toplap, iň uly ösüşi görkezen topar boldy.
  • Kosowo taryhy üstünligini baýram edýär: milli ýygyndy dünýä reýtinginde 78-nji orny eýeläp, özüniň täze rekordyna ýetdi.
  • Malaýziýa bu gezekki täzelenmäniň esasy autsaýderi boldy. Bu ýygyndy sanawda 17 basgançak aşak düşüp we 59,67 bal ýitirip, iň uly pese gaçyşy görkezdi.

Reýtingiň indiki täzelenmesi 10-njy iýuna meýilleşdirilýär.


düýn 17:52
4.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 11:14
8.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......