Tankytçylar «Super Marionyň» dowamyny ýer bilen ýegsan etse-de, ol bir günde $34 mln gazandy

  • 03.04.2026 10:52
  • 3.4k+

«Super Mario: Galaktika kinosy» atly täze multfilm synçylaryň bellik platformalarynda pes bahalary aldy. Metacritic saýtynda onuň reýtingi 37 bal, «Rotten Tomatoes» saýtynda bolsa 45% görkezildi.

Tankytçylar multfilmiň sýužetiniň gowşakdygyny we bölümleriň biri-biri bilen baglanyşmaýandygyny belleýärler: filmde wakalar diýseň köp, ýöne olar özara baglanyşmaýar diýen ýaly. Şeýle hem, gahrymanlaryň ýüzleýdigi we ýordumyň ösmegine hiç hili täsir etmeýän köp sanly "salgylanmalaryň" bardygy aýdylýar. Käbir synçylar bu suraty diňe muşdaklara niýetlenen "önüm" diýip atlandyrdylar.

Şunuň bilen birlikde, multfilmiň wizual tarapy we saz bezegi oňat baha aldy. Synçylaryň pikirine görä, film Nintendo muşdaklaryny gyzyklandyryp biler, ýöne giň tomaşaçylar köpçüligini özüne çekmegi ikuçly hasaplanýar.

Emma muňa garamazdan, Deadline neşiriniň habar bermegine görä, film kassa ýygymlary boýunça örän ýokary netijeleri görkezdi. Görkezilip başlanan ilkinji gününde ol 34 million dollar toplady we bu görkeziji bilen 2026-njy ýylyň ähli filmleriniň arasynda iň gowy netijäni eýeledi. Çaklamalara görä, ilkinji üç günde ýygymlar 128 million dollara, bäş günde bolsa 186 million dollara çenli ýeter.


düýn 23:54
388

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....