Iňlis janköýerleriniň 91%-i VAR ulgamyna garşy çykyş etdi

  • 02.04.2026 19:36
  • 5k+

Angliýadaky futbol janköýerleriniň agramly bölegi eminlere wideogözegçilik kömegi ulgamynyň (VAR) ulanylmagyna oňaýsyz baha berýärler. Bu barada Futbol janköýerleriniň birleşiginiň geçiren pikir soraşmasynyň maglumatlaryna salgylanyp, «The Guardian» neşiri habar berýär.

Geçirilen barlaga görä, sorag-jogaba gatnaşanlaryň 91%-i VAR ulgamynyň aýrylmalydygyny belleýär, diňe 2%-i bolsa bu tehnologiýany goldaýar. Sorag-jogaba 7 müňden gowrak adam gatnaşdy, olaryň aglabasy yzygiderli oýunlara barýan muşdaklardyr.

Şol bir birleşigiň Premýer-liganyň klublarynyň janköýerleriniň arasynda geçiren ugurdaş barlagy bolsa, olaryň takmynan 75%-iniň iňlis çempionatynyň oýunlarynda VAR-yň ulanylmagyna garşydygyny görkezdi. Şeýle hem, sorag edilenleriň 94%-i bu ulgam oýunlary telewizorda görmegi oňaýsyz edýär diýip hasaplaýarlar.

Şunuň bilen birlikde, gatnaşanlaryň ýarysyndan gowragy şu möwsümiň täze girizilen düzgünine — eminleriň oýun wagtynda berýän kararlaryny düşündirmegine oňyn baha berdiler.

«Netijeler janköýerleriň aglabasynyň VAR-y aýyrmak isleýändigini görkezýär. Biz eýýäm köp wagtdan bäri VAR bilen ýaşaýarys we onuň oýna oňaýsyz täsir edýändigine göz ýetirdik. Adamlar munuň wagt alýandygyndan, takyklygyndan we gol dabaralarynyň duýdansyzlygyna zyýan ýetirýändiginden gaharlanýarlar. VAR futbolyň bolmaly tebigylygyny we şol aýratyn pursatlary elimizden alýar» diýip, Futbol janköýerleriniň birleşiginiň dolandyryjysy Tomas Konkannon BBC-ä beren interwýusynda aýtdy.


şu gün 14:15
6.4k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......