Ýeriň ilaty 2070-nji ýyllaryň ahyryna çenli 12,4 milliard adama ýeter

  • 02.04.2026 15:00
  • 6.1k+

2070-nji ýyllaryň ahyryna çenli Ýer şarynyň ilaty häzirki 8,3 milliarddan 12,4 milliard adama çenli ýetip biler. Bu barada Flinders uniwersitetiniň geçiren ylmy gözleglerine salgylanyp, «Daily Mail» neşiri habar berýär.

Professor Kori Bredşouwyň ýolbaşçylygyndaky alymlar 200 ýyldan gowrak wagtyň dowamyndaky ilat sany baradaky maglumatlary öwrenip, ekologik modelleriň kömegi bilen ilatyň ösüşiniň azyk önümlerine, klimata hem-de ýaşaýyş şertlerine ýetirýän täsirini seljerdi. Olaryň çykaran netijelerine görä, adamzat eýýäm planetanyň mümkinçilikleriniň çäginden çykdy.

«Ýer şary biziň serişdeleri ulanyş depginimiziň yzyndan ýetip bilenok. Ol düýpli üýtgeşmeler bolmasa, hatda şu günki islegleri hem kanagatlandyryp bilmeýär» – diýip, Bredşou belleýär.

1950-nji ýyllara çenli ilat sanynyň artmagy ykdysady we tehnologik ösüşiň çaltlanmagy bilen utgaşypdy. 1960-njy ýyllaryň başyndan bäri bu arabaglanyşyk gowşady: adamlaryň sanynyň köpelmegi öňki ýaly netije bermegini bes etdi — şunlukda «otrisatel demografik döwür» diýlip atlandyrylýan döwür başlandy.

Alymlar adamzadyň ekologik çäklendirmeleriň çäginde ýaşamagy we amatly durmuş derejesini saklamagy üçin «durnukly» ilat sanynyň, takmynan, 2,5 milliard adam bolmalydygyny öňe sürýär. Ilat sany 11,7–12,4 milliarda ýeten ýagdaýynda, bu kyn netijelere: ählumumy gyzgynlygyň ýokarlanmagyna, uglerod zyňyndylarynyň we planetanyň tebigy ýaşaýşy üpjün ediji ulgamlaryna düşýän agramyň artmagyna getirip biler.

Alymlar serişdeleri (ýer, suw, energiýa we beýleki materiallar) ulanmak baradaky çemeleşmelere täzeden seretmäge çagyrýar.

«Eger düýpli üýtgeşmeler amala aşyrylmasa, adamzat ösüşiniň häzirki ýoly has çuňňur çökgünliklere alyp barar. Hereket etmek mümkinçilikleri azalýar, ýöne ýurtlar agzybirlikde işlese, ähmiýetli üýtgeşmeleri gazanmak entek mümkindir» – diýip, professor Bredşou nygtady.


düýn 20:58
2.9k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

18.06.2026 22:13
5.4k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

17.06.2026 10:39
3.1k+

«Obsessiýa» gorkuly filmi prokatda $265 million toplady — ony düşürmek üçin bary-ýogy $750 müň çykypdy

«Obsessiýa» ("Обсессия") atly horror filminiň bäşinji hepdäniň jemleri boýunça dünýä prokatyndaky girdejisi 265 million dollara ýetdi. Film ABŞ-nyň prokatynda ikinji orny saklap, «Älemiň hökümdarlary»......

15.06.2026 18:40
6.5k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......