Ahyrsoňy Saturnyň syry açyldy

  • 02.04.2026 19:23
  • 10k+

Alymlar gözegçilikleriň dowamynda Saturnyň aýlanma tizliginiň üýtgäp durýandygyny hasaba alypdy. Aslynda bu ýagdaý fizikanyň kanunlaryna ters gelýär. Şonuň üçin alymlar onuň sebäbine düşünmäge çalyşdy we bu olara başartdy.

Bu mesele 2004-nji ýylda «Kassini» enjamy tarapyndan ýüze çykarylypdy. Maglumatlar planetanyň wagtyň geçmegi bilen çaltlanýandygyny ýa-da haýallaýandygyny görkezýärdi, emma daşky täsir bolmazdan şeýle uly planetanyň aýlanma tizliginiň üýtgemegi mümkin däldi.

«Jeýms Webb» teleskopynyň kömegi bilen alymlar hasaba alnan şol ölçegleriň ýadronyň aýlanmagyny däl-de, atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndaky prosesleri aňladýandygyny anyklady. Güýçli ýeller elektrik akymlaryny döredýär, olar bolsa polýar şöhlelenmesini emele getirýär. Hut şol şöhläniň signaly hem aýlanma tizliginiň görkezijisi hökmünde kabul edilipdir.

Maglumatlary aýdyňlaşdyrmak üçin astronomlar Saturnyň demirgazyk polýar şöhlelenmesine planetanyň bir gije-gündiziniň — 10 sagat 33 minutyň dowamynda gözegçilik etdi. H₃⁺ molekulasynyň ýagty saçmagynyň seljermesi gyzma we sowama zolaklaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Polýar şöhlelenmesiniň atmosferany gyzdyrýandygy, ýelleriň döremegine sebäp bolýandygy, ýelleriň bolsa öz gezeginde elektrik proseslerini goldaýandygy mälim boldy. Şeýlelikde, üznüksiz aýlaw emele gelýär.

Bu açyş atmosfera bilen magnitosferanyň arasynda ikitaraplaýyn arabaglanyşygyň bardygyny görkezýär, bu bolsa beýleki gaz ägirtlerini öwrenmek üçin uly ähmiýete eýedir.


düýn 17:37
2k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......