Gazagystanly okuwçy gyz plastik galyndylaryndan ýol gurmagy teklip edýär

  • 03.04.2026 09:46
  • 10k+

Gazagystanyň Aýagöz şäherindäki 10-njy mekdep-gimnaziýanyň 10-njy synp okuwçysy Aružan Kabdulmaratowa plastik galyndylaryny gaýtadan işläp, ýol gurluşygynda ulanmagyň täze usulyny hödürledi. Bu barada BAQ.kz saýty habar berýär.

Teklip edilýän usula görä, plastik galyndylary ýörite işlenilip, asfaltyň düzümine garylyp ulanylýar. Bu bolsa ýoluň çydamlylygyny we könelmezlige garşy durnuklylygy artdyrýar.

Hasaplamalara görä, şeýle ýol örtügi 12–18 ýyllap, amatly şertlerde bolsa 20–25 ýyla çenli öz hilini ýitirmeýär. Munda adaty ýol gurluşyk tehnologiýalaryna garanyňda, önümçilik çykdajylary hem ep-esli peselýär.

Okuwçy gyz ýollaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin biri zeperi anyklaýan, beýlekisi bolsa ony düzedýän iki görnüşli roboty ulanmagy teklip edýär.

Aslynda plastik galyndylaryny ýol gurluşygynda ulanmak täze pikiriem däl.

2017-nji ýylda Şotlandiýanyň MacRebur kompaniýasy Angliýanyň demirgazyk-günbatarynda ilkinji plastik garyndyly ýoly gurdy. Bu taslamanyň awtory inžener Tobi Makkartni Hindistandaky ýaşaýjylaryň ýoldaky çukurlary plastik galyndylaryny ýakyp doldurýandyklaryny görenden soň bu ideýany ösdürmek kararyna gelýär.


30.05.2026 17:05
8.8k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

15.05.2026 07:27
2.9k+

Gazagystanyň mekdeplerinde emeli aň ornaşdyrylyp başlanar

Gazagystanyň Prezidenti emeli aň tehnologiýalaryny orta bilim ulgamyna ornaşdyrmak baradaky Permana gol çekdi. Resminama mekdeplerde emeli aňy tapgyrlaýyn ulanmagy we okatmagyň täze usullaryny işläp......

25.04.2026 19:30
2.6k+

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Astana şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu......

06.04.2026 23:51
4.1k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ekologiýa bilen saglygyň özara baglanyşygy maslahatlaşyldy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan «Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertiriň kepili» atly......