Gazagystanyň mekdeplerinde emeli aň ornaşdyrylyp başlanar

  • 15.05.2026 07:27
  • 3k+

Gazagystanyň Prezidenti emeli aň tehnologiýalaryny orta bilim ulgamyna ornaşdyrmak baradaky Permana gol çekdi. Resminama mekdeplerde emeli aňy tapgyrlaýyn ulanmagy we okatmagyň täze usullaryny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Permana laýyklykda, hökümet 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli 2026–2029-njy ýyllar üçin toplumlaýyn meýilnamany tassyklamaly. Ol şahsylaşdyrylan okuw gurallaryny döretmegi, sanly infrastrukturany ösdürmegi, mugallymlary taýýarlamagy we okuwçylaryň şahsy maglumatlaryny goramak çärelerini öz içine alýar.

Resminamada emeli aň ulgamy boýunça hytaýly hünärmen Li Kaý-Funuň teklipleri aýratyn bellenilip geçilýär. 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli hökümet orta bilim ulgamynda synag taslamasyny durmuşa geçirmek we soňra bu maksatnamany giňeltmek boýunça tekliplerini hödürlär. Bu başlangyjyň şäher we oba mekdepleriniň arasyndaky bilimiň hil tapawudyny azaltmaga ýardam etmegine garaşylýar.

2026-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli synag taslamasyna gatnaşýan mekdepleri zerur bolan tehniki enjamlar we durnukly ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Gazagystanda emeli aňy orta bilim ulgamynda ulanmagyň standartlary tassyklanmaly. Şol möhlete çenli mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça hem çäreleriň görülmegi göz öňünde tutulýar. Permanda emeli aňyň diňe goşmaça gural hökmünde görülýändigi we onuň mugallymlaryň ornuny tutmaly däldigi aýratyn nygtalýar.


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.7k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

22.06.2026 01:15
4.4k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......