Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

  • 25.04.2026 19:30
  • 2.7k+

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Astana şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyk iki ýurduň arasynda bilim we ylym ulgamlarynda ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga we amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirildi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ýokary bilimi ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de, geljegi uly hünär ugurlaryny çaklamak we bilim ulgamyny zähmet bazaryndaky üýtgeşmeler bilen sazlaşdyrmak üçin ulanylýan usulyýetler barada gürrüň edildi.

Taraplar demografik dinamikany, ykdysadyýetiň zerurlyklaryny we zähmet bazarynyň gurluşyny hasaba alyp, bilim maksatnamalaryny we hünärmenleri taýýarlamagy meýilleşdirmek üçin niýetlenen seljeriş ulgamlary barada pikir alyşdy.

Şeýle hem Gazagystanyň Milli test merkeziniň halkara ETS (Educational Testing Service) guramasy bilen bilimiň hiline baha bermek we maglumat-seljeriş goldawyny üpjün etmek boýunça tejribesine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň raýatlarynyň Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy, akademik hereketlilik we uçurymlaryň taýýarlyk derejesi bilen bagly meselelere hem garaldy. Mundan başga-da, ýokary bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlendi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar ýokary bilim we ylym ulgamlarynda durnukly özara hereket mehanizmini döretmek hem-de bilelikdäki iş mehanizmini işläp taýýarlamak barada ylalaşyk gazandy.


düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......