Google Android-de nätanyş programmalaryň gurnalyşyny 24 sagada çenli gijikdirer

  • 02.04.2026 16:05
  • 1.8k+

Google kompaniýasy Android ulgamynda programmalary gurnamagyň düzgünlerini üýtgeder. Awgust aýyndan başlap, barlanmadyk işläp düzüjileriň APK-faýllaryny gurnamaklyk goşmaça barlagy we 24 sagada çenli garaşmagy talap eder.

Täze amal birnäçe ädimden ybaratdyr. Ulanyjy ilki bilen işläp düzüji režimini açmaly, özüniň meýletin hereket edýändigini tassyklamaly, soňra bolsa garaşma möhletiniň tamamlanmagyna garaşmaly. Şondan soň gurnamagy biometriki maglumatlar ýa-da PIN-kod arkaly tassyklamak gerek bolar.

Kompaniýa bu çäreleriň enjam eýesine basyş edip, zyýanly programmalary gurnatdyrmaga synanyşýan kezzaplardan goranmaga gönükdirilendigini düşündirdi.

Şol bir wagtda, bu amalyň diňe bir gezek geçiriljekdigi anyklanylýar. Bu tapgyrdan bir gezek geçensoň, ulanyjy gaýtadan garaşmazdan nätanyş çeşmelerden programmalary gurnap biler.


düýn 23:26
1.3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....