Hindistanda sanly görnüşde iň uly ilat ýazuwy başlandy

  • 03.04.2026 19:37
  • 3.8k+

Hindistanda ilat ýazuwy başlandy we ol ilkinji gezek doly sanly görnüşde geçirilýär. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Baş registrator we ilat ýazuwy boýunça komissar edarasy habar berdi.

Edaranyň maglumatlaryna görä, bu dünýäde iň uly sanly demografik barlag bolar. Gutarnykly netijeleri 2027-nji ýylda çap etmek meýilleşdirilýär.

Birinji tapgyrda ýaşaýyş şertleriniň hasaby alnyp barylýar. Hünärmenler öý hojalyklarynyň ýaşaýyş jaýy, emlägi we durmuş derejesi barada 33 sany sowal berýär. Ikinji tapgyr 2027-nji ýylyň fewralyna meýilleşdirilen bolup, onda ilat, onuň düzümi, girdeji derejesi, migrasiýa we dogluş baradaky maglumatlar ýygnalar.

Şeýle hem ilkinji gezek kastalaryň sany hem hasaplanar, onuň möhleti biraz soň yglan ediler.

Maglumatlar internet bolmazdan hem işläp bilýän ykjam goşundy arkaly ýygnalýar. Bu bolsa iň çetki nokatlary hem öz içine almaga mümkinçilik berýär.

1-nji aprelde başlanan bu ilat ýazuwy 2011-nji ýyldan bäri ilkinji we garaşsyzlyk alnandan bäri on altynjy ýazuw boldy. Onuň geçirilmegi üçin 1,25 milliard dollardan gowrak serişde bölüp berildi. Öňki maglumatlara görä, Hindistanyň ilaty 1,21 milliard adama deň.


23.06.2026 20:58
10k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 18:40
6.5k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......