53 ýylyň içinde ilkinji gezek adamlar Aýa tarap ýola düşdi. Artemis II missiýasy badalga aldy

  • 02.04.2026 09:27
  • 5.4k+

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde ýerli wagt bilen sagat 18:35-de (Aşgabat wagty bilen 2-nji aprelde sagat 03:35-de) Floridanyň Kennedi adyndaky Kosmos merkeziniň 39B meýdançasyndan Orion kosmos gämisi bilen Space Launch System (SLS) agyr raketa göterijisi uçuryldy. Bu taryhda adamlaryň häzirki raketada we gämide ilkinji uçuşy hem-de «Apollo 17» missiýasyndan soň, ýagny ýarym asyrdan gowrak wagtyň içinde astronawtlaryň Aýa tarap ilkinji gezek uçuşydyr.

Uçuşyň dowamynda gämi erkin yzyna gaýdyş traýektoriýasy boýunça hereket eder: on günden soň astronawtlar hemra gonman we onuň orbitasynda saklanman Ýere dolanar. Raketanyň uçurylyşy bökdençsiz geçdi, ähli ulgamlar kadaly ýagdaýda işleýär diýip, NASA tassyklady.

«Artemis II» ekipažy dört sany tejribeli astronawtdan ybarat: komandir Rid Waýzman (NASA), uçarman Wiktor Glower (NASA), missiýanyň hünärmenleri Kristina Koh (NASA) we Jeremi Hansen (Kanadanyň kosmos agentligi). Uçuşdan öň ekipaž iki hepdelik berk karantinden geçip, 27-nji martda kosmodroma geldi. Orion gämisiniň bortunda olar bilen bilelikde missiýanyň tumary — Lukas Ýe atly amerikan mekdep okuwçysy tarapyndan teklip edilen, «Rise» diýlip atlandyrylýan ýylgyryp duran Aýyň şekilindäki ýumşak «agramsyzlyk görkezijisi» hem bar.

Aýyň daşyndan on günlük aýlawyň dowamynda ekipaž Orion gämisiniň açyk kosmos şertlerinde ähli möhüm ulgamlaryny: radiasiýadan goragy, ýylylyk galkanyny, nawigasiýa we ýaşaýşy üpjün ediş ulgamlaryny synagdan geçirer. Aslynda, bu 2028-nji ýyla meýilleşdirilen we hemranyň ýüzüne gonmagy göz öňünde tutýan «Artemis IV» missiýasynyň öňüsyrasyndaky esasy taýýarlykdyr.

«Artemis II» missiýasynyň üstünlikli badalga almagy adamyň Aýda hemişelik bolmagynyň täze eýýamyna we geljekde Marsa uçuşlara ýol açýar. Ýarym asyrdan gowrak arakesmeden soň, NASA we agentligiň halkara hyzmatdaşlary adamlary Ýeriň tebigy hemrasyna gaýtaryp getirmek bilen, geljekki bazalar hem-de ylmy barlaglar üçin esas döredýär.


düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......