Daşkentde emeli ýagyş ýagdyrylar

  • 02.04.2026 10:40
  • 9.1k+

Howanyň hilini gowulandyrmak maksady bilen Daşkentde we Daşkent welaýatynda emeli ygal ýagdyrmak tehnologiýasy ulanylar. Bu çözgüt Özbegistanyň Prezidentiniň howanyň hilini gowulandyrmak baradaky Permanyna laýyklykda durmuşa geçiriler.

Şeýlelikde, 2027-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Daşkent şäherinde we Daşkent welaýatynyň çyglylygy pes bolan çäklerinde emeli ýagyş ýagdyrmak üçin zerur bolan enjamlar gurlar. Emeli ýagyş ýagdyrmak tehnologiýasy daşary ýurt tejribesini nazara almak bilen tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylar.

Taslamanyň maksady ýagynlaryň möçberini tebigy derejesi bilen deňeşdirilende 10–20% artdyrmakdan ybaratdyr.

Emeli ýagyn ýagdyrmak tehnologiýasynyň ulanylmagy howadaky tozan bölejikleriniň we hapalaýjy maddalaryň mukdarynyň azalmagyna ýardam eder hem-de atmosferanyň hiliniň gysga wagtlaýyn gowulanmagyny üpjün eder.

Mundan başga-da, bu başlangyç gurakçylyk we yssy howa şertlerinde daşky gurşawyň çyglylyk derejesini ýokarlandyrmaga kömek eder diýlip garaşylýar.

Bu çäreleri maliýeleşdirmek işi umumymilli ekologik meselelerini çözmek üçin niýetlenen Döwlet maksatly gaznasynyň hasabyna amala aşyrylar.


20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....