Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

  • 03.04.2026 19:30
  • 4k+

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi», «Aşgabat», «Merw» we «Köpetdag» — dört aýlawyň dowamynda çempionlyk ugrunda bäsleşer.

Çempionatyň ilkinji iki aýlawy 4-nji aprel bilen 20-nji iýun aralygynda geçiriler, üçünji we dördünji aýlawlaryň oýunlary bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda dowam eder. Ýaryşyň ilkinji gününde «Ahal» — «Köpetdag» hem-de «Şagadam» — «Nebitçi» toparlary duşuşsa, 5-nji aprelde «Arkadag» — «Merw» we «Altyn Asyr» — «Aşgabat» duşuşyklaryna garaşylýar.

Ýatladyp geçsek, geçen möwsümiň çempiony «Arkadag» topary bolupdy, «Ahal» kümüş, «Altyn Asyr» bolsa bürünç medaly eýeläpdi.

Şonuň bilen birlikde, Ýokary liganyň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky Türkmenistanyň birinjiligine hem 3-nji aprelde badalga berildi. Ýaşlar birinjiligi hem sekiz toparyň gatnaşmagynda dört aýlawdan ybarat bolup, duşuşyklar esasy toparlaryň oýunlaryndan bir gün öň geçiriler. Täze möwsümiň ilkinji tapgyrynda ýaşlar düzümleriniň arasynda «Ahal II» — «Köpetdag II», «Şagadam II» — «Nebitçi II», «Arkadag II» — «Merw II» we «Altyn Asyr II» — «Aşgabat II» oýunlary bolar.


düýn 22:49
3.2k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......