Nýu-Ýorkdaky awtoulag sergisinde BMW iX3 World Car Awards tarapyndan “Ýylyň awtoulagy” diýlip yglan edildi

  • 02.04.2026 19:44
  • 5.8k+

BMW iX3 elektrik krossoweri World Car Awards baýragy tarapyndan “2026-njy ýylyň awtoulagy” diýlip yglan edildi. Sylaglamak dabarasy Nýu-Ýorkda geçirilen awtoulag sergisiniň çäginde geçirildi.

Bu model Nissan Leaf we Hyundai Palisade ýaly bäsdeşlerinden has gowy netije görkezdi.

Baýragyň düzgünlerine görä, awtoulag birnäçe yklymda satylmaly we köpçülikleýin möçberde öndürilmeli.

Beýleki kategoriýalarda hem elektrik awtoulaglary ýeňiş gazandy, bu bolsa elektrik awtoulaglarynyň dünýä bazarynda barha öňdebaryjy bolup barýandygyny görkezýär.

Hyundai Ioniq 6 N iň gowy sport awtoulagy diýlip yglan edildi. Premium segmentinde baýraga Lucid Gravity, Mazda 6e bolsa dizaýny üçin baýraga mynasyp boldy.

Şäher awtoulaglary kategoriýasynda hytaýly NIO Firefly birinji orny eýeledi.


şu gün 01:38
1.1k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
8.1k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
4.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.3k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......