Hytaýyň Kinetica-2 täjirçilik raketasy ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady

  • 02.04.2026 00:01
  • 1.6k+

Hytaýyň CAS Space hususy kompaniýasy Kinetica-2 raketasynyň ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady. Uçurylyş Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Dongfeng täjirçilik uçuş meýdançasyndan amala aşyryldy.

Merkezi blokly orta derejeli we gapdal güýçlendirijili raketa üç sany hemrany, ýagny New March-01, New March-02 we TS-01 hemralaryny orbita çykardy.

Agramy 4,2 tonna töweregi bolan New March-02 hemrasy üç ýyla çenli işletmek we orbitada tehnologiki synaglary geçirmek üçin niýetlenendir. New March-01hemrasy kiçi kosmos laboratoriýasy hökmünde hyzmat edýär. TS-01 bolsa bilim maksatlary üçin ulanylýar.

CAS Space bu uçurylyşyň hususy kompaniýalar bilen döwlet kosmos maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlenýändigini görkezýändigini belledi.

Kompaniýa Hytaýyň orbital stansiýasyna ýükleri eltmek taslamalaryna gatnaşýar. "Söwda raketalary diňe bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin däl, eýsem inženerçilik standartlarynda uly möçberli milli missiýalara gatnaşmak üçin hem möhümdir" diýip, CAS Space-iň wise-prezidenti Ýan Haolýan belledi.

Ol Kinetica-2-niň uçurylyş bahasynyň eýýäm Falcon 9-yňky bilen deňeçerdigini we gaýtadan ulanylyp bilinýän tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ony takmynan iki esse azaltjakdygyny belledi.


düýn 23:52
2.2k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......