Tramp Maýamide özüniň gökdirän kitaphanasynyň taslamasyny hödürledi

  • 02.04.2026 16:22
  • 6.6k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Maýami şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän prezident kitaphanasynyň we muzeýiniň taslamasyny tanyşdyrdy. Emeli aňyň kömegi bilen döredilen suratlar we wideo onuň «Truth Social» sosial ulgamyndaky akkauntynda ýerleşdirildi.

Taslama altyn derweze görnüşli girişi bolan, 50 gatly aýnaly gökdirän binanyň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

Hödürlenen maglumatlara görä, binanyň girelge zalynda «Air Force One» prezident uçaryny we ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň beýleki uçarlaryny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Amfiteatr görnüşinde gurlan zallaryň birinde bolsa Trampyň uly altyn heýkelini oturtmak göz öňünde tutulan. Toplumyň üçeginde bolsa Ak tamyň bagynyň nusgasy dörediler.

Prezidentiň ogly Erik Tramp X sosial ulgamynda bu taslamanyň işlenip düzülmegine soňky alty aýyň dowamynda işjeň gatnaşandygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu toplum «ajaýyp ynsanyň, görnükli gurluşykçynyň we ýurdumyzyň taryhyndaky iň beýik Prezidentiň asyrlyk şaýady bolar».

Bloomberg neşiriniň maglumatlaryna görä, gurluşyk Maýaminiň merkezinde, meýdany 10,6 müň inedördül metrden gowrak bolan ýer böleginde alnyp barlar. Bu ýer Florida ştatynyň häkimiýetleri tarapyndan Trampa berildi. Taslamanyň bahasy 100 million dollara ýetip biler, gurluşygyň bolsa ýakyn bäş ýylyň dowamynda başlanmagyna garaşylýar.


düýn 08:03
12k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.5k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....