5k+

«Ahal» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky oýunda «Sepahan» bilen duşuşykda ýeňildi

21-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherindäki «Nakş-e-Jahan» stadionynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çempionlar ligasy–2-niň toparlaýyn tapgyrynyň oýny geçirildi. Türkmenistanyň milli çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» kluby eýranly «Sepahan» bilen duşuşykda 0:1 hasabynda ýeňildi...

3.1k+

“Mahabat” müdirligi «Meniň oýnum» atly täze multfilm çykardy

Ýakynda “Mahabat” müdirligi Mämmetjanyň başdan geçirmeleri dogrusynda gürrüň berýän multfilmiň «Meniň oýnum» atly täze bölümini halk köpçüligine ýetirdi. Multfilmi döretmek üçin döredijilik toparynyň eden yhlasy onuň täsirli sahnalarynda, gahrymanlaryň gyzykly gürrüňlerinde hem-de hereketlerinde, şeýle hem olaryň ýatda galyjy seslendirmelerinde has-da aýdyň görünýär...

2.8k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 47 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 102 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar...

7.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (20.10 - 26.10)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser...

2.9k+

Raşid Meredow Ugandanyň, Malaýziýanyň we Eswatininiň daşary işler ministrleri bilen gürleşdi

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow üç ýurduň daşary işler ministrleri bilen — Ugandanyň daşary işler ministri Jeje Odongo, Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasan we Eswatiniň daşary işler ministri Folile Şakantu bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi...

4.2k+

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleri üçin hytaý dili boýunça okuw kitaby neşir edildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenilen «Hytaý dili» diýen okuw kitaby çykaryldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Täze kitap M.Gelenowa tarapyndan taýýarlanyldy we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça neşir edildi...

10k+

FIFA milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny 1880,76 utuk gazanan Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Ikinji orna dünýä çempiony bolan Argentina (1872,43) çykdy...

4.7k+

Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň altyn medaly gowşuryldy

Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşmak üçin Aşgabatda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylar ýurdumyzyň «akylly» şäherine geldiler...

10k+

Serdar Berdimuhamedow «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

15-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar...