Türkmen talyplary Buharada geçirilen matematika we himiýa boýunça olimpiadalarda bäş medal gazandy

  • 02.02.2026 00:48
  • 2.8k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 2026-njy ýylyň 24-29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen matematika we himiýa boýunça halkara olimpiadalarynda bäş sany baýraga mynasyp boldy.
Intellektual bäsleşiklerde türkmen ýaşlary bir altyn, iki kümüş we iki bürünç medal gazanmagy başardy.
Matematika boýunça geçirilen olimpiadada Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň birinji ýyl talyby Kerimguly Bendow iň ýokary netijäni görkezip, altyn medala we I derejeli diploma mynasyp boldy. Şol fakultetiň dördünji ýyl talyby Yslam Haýytmuhammedow bolsa kümüş medal we II derejeli diplom bilen sylaglandy.
Himiýa boýunça bäsleşikleriň çäklerinde Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň dördünji ýyl talyby Azim Bahtyýarow kümüş medal we II derejeli diplom aldy. Bürünç medallara we III derejeli diplomlara bolsa şol fakultetiň talyby Abdyrahim Batyrow hem-de Energetika we inženerçilik desgalary fakultetinden Jemşit Talibžonow mynasyp boldy.


16.06.2026 08:05
4.1k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.1k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6.9k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....